Garaşsyzlyk - halkyñ guwanjy
18-09-25
Garaşsyzlyk - bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 34 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşleriň, uly üstünlikleriň döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen uly ösüşler halkyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Bu ösüşler ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikler, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ylmy esasda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär we täze üstünliklere ruhlandyrýar. Häzirki ajaýyp günlerimizde, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” beýik Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Şeýle toýly günlerde ýurdumyzyň dürli künjeginde dabaralar, täze binalaryň gurlup ulanmaga berilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şeýle ähmiýetli binalar ýurdumyzyň ähli künjeginde, welaýatlarda, etraplarda, obalarda gurulýar. Munuň özi ýurdumyzda toýlara sowgatly barylýandygyny aýdyň beýan edýär.
Şöhratly taryhyň gatlaryna nazar aýlasak, agzybirlik we jebislik, berkararlyk we döwletlilik pähimdar pederlerimiziň arzuwy bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz döwletlilik ýörelgesini berkarar etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýär. Dünýä medeniýetine, ylmyna saldamly goşandyny goşan dana hem merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň mynasyp görnüşde halkara derejesinde dowam etdirilmegi binýady berkden tutulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda möhüm orun eýelemegine uly itergi berdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda senagatyň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, oba hojalyk, söwda, ulag-logistika, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Şu ýylyň dowamynda gurlup ulanmaga berlen ajaýyp binalar, desgalar şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygyna ajaýyp sowgatdyr. “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgäni baş şygara öwren hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň oňyn netijeleri Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.
Häzirki döwürde toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Bu günler her bir hünärmen özüniň zähmetsöýerligi bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna zähmet sowgatlaryny bagyş edýär. Bu asylly ýörelgede ýaş nesle bilim-terbiýe berýän mugallymlaryň hem mynasyp goşandy bardyr. Ýaş nesillere ene süýdi ýaly arassa terbiýe, kämil bilim bermek bilen, mugallymlar Garaşsyzlyk ýyllarynda mynasyp nesilleri ýetişdirýärler. Bu bolsa, biziň Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleridir. Ýurdumyzyň ösmegi, nesilleriň kämil bilimli bolmagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyñ guralyşy we usulyýeti kafedrasynyñ mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.