BILIM — ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI
02-10-25
Türkmen halky — ähli döwürlerde bilime we bilimli bolmaga uly ähmiýet beren halk. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okamadyk öküner, dil gysgadyr sakynar», «Işiň ussasy — okamak», «Okaýan il ozar, okamaýan il tozar» ýaly nakyllar we atalar sözi bilime diňe bir türkmen halkynyň dälde, eýsem, tutuş adamzadyň şu gününi hem geljegini kesgitleýän gymmatlyk hökmünde garaýandygyny aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy ýokary ösüşlere eýe boldy. Maglumatlaryň ýokary depginler bilen köpelýän, innowasion tehnologiýalaryň adamlaryň durmuşyna ýokary tizlik bilen aralaşýan döwründe bilim ulgamyna täze usullar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim, syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni taýdan gazanan ägirt uly ösüşleri we özgerişleri bu gün bütin dünýä ýaň salýar. Islendik döwletiň ýokary derejede ösmegi şol ýurduň bilim, ylym, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň kämilleşdirilişi bilen baglanyşdyrylýar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler we täze ösüşler gönüden-göni ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, bilim özgertmeleriniň hukuk binýady berkidildi. Kämil Kanunlaryň kabul edilmegi döwletimiziň ykdysady, medeni, durmuş ugurlaryndaky ynamly ösüşlerini we ygtybarly öňe gitmegini kepillendirýär. Bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edildi. Ýurtda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ýokary bilimli we medeniýetli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, başarjaň şahsyýetleri we işine ussat hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryndaky özgertmeleri netijesinde, mugallymçylyk iş tejribesine kompýuter tehnologiýalary we okatmagyň interaktiw usullary işjeň ornaşdyryldy. Internetiň global ulgamynyň, maglumatlar serişdeleriniň elýeterliligi giňeldildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap düzülen okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw kitaplary hemde okuw-usuly gollanmalary taýýarlanyldy. Ýaşlaryň islegine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde ilkinji gezek mekdebe gadam basýan okuwçylara kompýuterleri sowgat berýär. Şeýle döwrebap kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Bilimli-ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesli kemala getirmek bilim işgärleriniň baş wezipesi bolup durýar. Gahryman Prezidentimiziň ajaýyp çözgütleri döwletimizi, häzirki zaman türkmen jemgyýetini syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy-medeni taýdan has-da sazlaşykly ösdürmegiň, bagtyýar nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermegiň düýpli ylmy esaslaryny goýdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, uly ösüşler we özgerişler bilen öňe barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we irginsiz aladalary bilen, halkymyz eşretli hem bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Halkymyz milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasyna, gujur-gaýratyna, ynsanperwer ýörelgelerine uly hormat we sarpa goýýar. Beýik taglymatlara beslenen bu döwür Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyna peşgeş eden bagtyýar döwrüdir. Bu döwrüň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryny gorap saklamakda, nesillerden-nesillere dowam etdirmekde bilim işgärlerine uly ynam bildirilýär. Bu beýik işleriň ähmiýetini ýaş nesillere düşündirmek, halk arasynda wagyz etmek, watansöýüji nesilleri ýetişdirmek her birimiziň borjumyzdyr.
Goý, tutuş dünýäde mukaddes Watanymyzyň at-abraýyny belende göterýän, atababalarymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine, ýörelgelerine eýerip, türkmen halkyny bagtyýar geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Polat TAŇRYBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň
mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.