Mukaddeslikleriň hatyrasyna
03-10-25

Bü günki gün türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda ähli uruşlarda merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna, edermenligine we tebigy betbagtçylygynda pida bolan şehitlerimiziň hormatyna her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni bellenilýär, olaryň ruhuna aýat-töwirler okalýar. Şehit bolan watandaşlarymyzyň hatyrasyna Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýadygärlikler toplumy hem guruldy.
Öňden gelýän halkymyzyň milli ýörelgelerine görä, merhumlar ýatlanylyp, sadakalar berilýär, aýat-töwir edilýär. Munuň özi hasratly, tebigy betbagtçylygyň pidalarynyň röwşen ruhunyň öňündäki parzymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly: “Biziň watandaşlarymyzyň şehit bolan 176 müňüsi hakyndaky ýatlama, türkmen halky üçin asyrlaryň dowamynda aýawly saklanylýan we nesilden-nesle geçirilip gelinýän milletimiziň ruhy sütünleri ýaly mukaddeslikdir”. Mukaddes ýatlamalar halkymyzyň kalbyna hemişelik ýazylýar.
Nägehan urşuň yz ýanynda gopan tebigy heläkçilikde şehit bolanlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň atasy, öz ömrüni ýaş nesli terbiýelemegiň asylly işine bagyşlan, 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply urşy ýyllarynda eline ýarag alyp, söýgüli halkynyň goragynda duran, ýowuz günlerden aman galyp, 1948-nji ýylyň tebigy betbagtçylygy zerarly şehit bolan Berdimuhamet Annaýew hem bar.
Onuň gysgadan çuň many-mazmunly ömri hakyky, watançy, mert, batyr, maksada okgunly, gaýduwsyz, adamkärçilikli ýaşlary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly manyly ömrüň belent nusgasydyr. Ol özüniň bary-ýogy 44 ýaşynyň içinde bitiren ençeme sogap işleri halkymyzyň kalbynda baky ýaşar.
Taryhy maglumatlara görä, dünýäde soňky dört müňýyllykda heniz görlüp eşidilmedik ýer titremesi 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gije ýerli wagt bilen 1 sagat 12 minut 5 sekuntda Aşgabatda bolup geçipdir diýip, alymlar tassyklaýarlar. Onuň merkezi paýtagtymyzdan 25 km günorta-gündogarda ýerleşipdir. Paýtagtymyz hem onuň töweregindäki obalar gaty köp zyýan çekipdir.
Watanymyzyň öten-geçenleriniň ýagty ýadygärligini baky minnetdarlyk bilen sarpalamak, olaryň şan-şöhrata beslenen atlaryny hormatlamak maksady bilen Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy guruldy. Bu ýadygärlikler toplumy öz Watanyna gulluk etmegi ähli zatdan ileri tutýan türkmen halkynyň edermenliginiň, watançylygynyň, agzybirliginiň we jebisliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Gaýtadan dikeldilen Garaşsyz Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäheri indi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäniň nusgawy şäherine öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda özüniň şanly 144 ýyllygyny uly dabara bilen garşy alan, tanalmaz ýaly özgerip, göwher keşbe giren paýtagtymyz Aşgabat parahatçylygyň, asudalygyň we ynanyşmagyň merkezi hökmünde dünýäde tanalýar. Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülhanym KAKABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.