Sanly tehnologiýalarynyň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti

02-10-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yglan edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösen döwletleriň hataryna çykarmak boýunça amala aşyrylmaly işleriň esasy ugurlary kesgitlenip, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamada bellenilişi ýaly, maşgala lukmançylygyny hem-de maşgala saglygy goraýyş hyzmatyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylan beýik işler aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi ugrunda alnyp barlan işler özüniň oňyn netijelerini berdi. Alym lukman Milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hem keselleriň öňüni almakdyr.

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramagy, keselleriň öňüni almagy we olaryň garşysyna göreşmegi saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipe edip goýdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak bilen bagly çäreleriň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwletimizde ylym-bilim ulgamyna berilýän goldaw ýyl-ýyldan artýar.Ylmy-amaly barlaglary geçirmek, geljegi uly ugurlarda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň görnüşlerini artdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýäniň ylmy-tehniki ösüşini we döwür bilen aýakdaş gadam urýan alymlarynyň özboluşly işläp taýýarlamalaryny özünde jemleýän döwrebap, düýpli ylym binýady kemala gelýär. Häzirki zaman dünýäsinde saglygy goraýyş ýaly ähli pudaklaryň ösmeginde maglumat tehnologiýasy esasy rol oýnaýar. Lukmançylyk hünärmenleriniň we tehnologiýalarynyň özara täsiri lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, çeşmeleri optimizirlemäge we diagnostikany çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Maglumat tehnologiýalary saglygy goraýyş işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmagy we işini optimallaşdyrmagy hem-de lukmançylyk kömeginiň netijeliligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Lukmançylygyň sanlaşdyrylmagy netijesinde aşakdaky maksatlara ýetilýär:

Diagnostika we bejerginiň hilini ýokarlandyrmak. Medisinany kompýuterleşdirmek, lukmanlara has takyk diagnoz goýmaga we uly maglumatlar derňewi esasynda şahsylaşdyrylan bejeriş meýilnamalaryny hödürlemäge kömek edýär.

Lukmançylyk edaralarynyň işini optimallaşdyrmak. Näsaglaryň ýazgylaryny ýöretmek, dermanlary kabul etmek we gözegçilik etmek ýaly gündelik meseleleri awtomatlaşdyrmak, hassalara has gowy hyzmat etmek üçin.

Ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak. Maglumat tehnologiýalary täze dermanlaryň we bejeriş usullarynyň ösüşini çaltlaşdyrýan ylmy maglumatlary has çalt ýygnamaga we derňemäge mümkinçilik berýär.

Lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini ýokarlandyrmak. Telemedisina we ykjam saglygy goraýyş tehnologiýalary ähli ýerlerde ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik berýär.

Näsaglar bilen saglygy goraýyş işgärleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary gowulandyrmak. Elektron saglyk ulgamlary we maglumat alyş-çalyş platformalary maslahat beriş işini ýönekeýleşdirýär we lukmanlar bilen hassalaryň arasyndaky aragatnaşygy gowulandyrýar.

Saglygy goraýyş maglumat ulgamlary hünärmenler tarapyndan netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek üçin möhüm tehnologiki esas hasaplanýar. Lukmanlary, hassalary we edaralary bir sistema birleşdirýän ählumumy maglumat meýdançasyny döredýär.

Üznüksiz bilimde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary (IKT) maslahat beriş kömegini, terbiýeçilik we toparyň özara täsirini ösdürmek arkaly hünär işlerinde işjeň goldaw bermäge gönükdirilendir.

 

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygy babatynda alnyp barylýan beýik işlere biz hem yhlas bilen zähmet çekip, mynasyp goşandymyzy goşarys. Goý, ata Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Sadap HALLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

 

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.