GARAŞSYZLYGYMYZ – KÖŇÜL BUÝSANJYMYZ
25-09-25
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan ösýän döwletleriň hatarynda dünýäde giňden ykrar edilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, häzirki zaman ylmynyň ösen tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylýandygy bilen berk baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzda sanly ulgamyň işini üstünlikli alyp barýan, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan bilimli hünärmenler ýaşlardyr. Halk hojalygynyň pudaklaryndaky ösen tilsimatlardan oňat baş çykarýan ýaş nesliň kemala gelmegi buýsançly ýagdaýdyr. Ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň şerti hökmünde bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek üçin maksada okgunly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda şeýle belleýär: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz öz ösüşiniň täze basgançaklaryna bedew bady bilen gadam basýar. Ösüşleriň hem-de özgerişleriň aýdyň ýolundan beýik hem-de röwşen geljegine barýar. Biziň alyp barýan syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden, halkymyzy bagtyýar, parahat, eşretli durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr”. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyz syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly döwlete öwrüldi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar. Garaşsyzlyk - biziň üçin ata-babalarymyzyň hasyl bolan arzuwydyr, halkymyzyň şu güne çenli ýazylan gymmatly taryh kitabynyň özeni, milletimiziň geçmişi, asuda geljegidir. Garaşsyzlyk halkymyzyň kalbyndaky arzuwlarynyň wysalyny, göwünleriniň ylhamyny bagyş etdi. Şonuň üçin hem mukaddes Garaşsyzlyk soňlanmajak aýdymdyr, köňülleriň buýsanjydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki sport desgalarynda, çagalar baglarynda we dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde işler üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi ýaşlaryň sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin döredilen iň oňat mümkinçiliklerdir. Ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy hem-de olaryň kämil hünärmenler bolup, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň esasy maksady häzirki zaman tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu işleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Bu günki günde Türkmenistan ösen kuwwatly döwlet bolup, berkararlygyny, Garaşsyzlygyň binýadyny has-da pugtalandyrýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly, berkarar döwlete öwrüldi. Şonuň üçin hem halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär, medeni we önümçilik desgalary, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň bagtyýarlygy, Garaşsyzlygymyzyň berk binýady bolup durýar. Bu beýik işler, ýurdumyzyň ösüşleri biziň her birimizi buýsandyrýar we täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ruhubelent, ylymly, bilimli kämil nesli ösdürip ýetişdirmek bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Garaşsyz Watanymyzy ösüşleriň täze basgançaklaryna çykarmakda beýleki ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamynyň wekilleri hem özlerine ynanylan wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.
Mähri DAŇATAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.