Garaşsyzlyk – milletiň erkinlik hem parahatlyk mukamy

25-09-25

Bu gün Türkmenistan Watanymyz ýurduň ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän häsiýet boýunça dünýä ýurtlarynyň sanawynda mynasyp orny eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe sary barýar. Mundan 34 ýyl ozal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan eziz Diýarymyz häzirki günlerde şan-şöhrata beslenýär.

Uly ösüşlere beslenip gelýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri giňden öz beýanyny tapýar. Bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär. Garaşsyzlygymyzyň bu şanly senesi türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini  hem mertebeliligini şertlendirýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzyň köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenmegi, adamzadyň ýagty geljegine ýetmek ugrunda ynsanperwer başlangyçlaryň, parahatsöýüjilikli syýasatlaryň döreýän mekanyna öwrülmegi ýürekleri joşdurýar. Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi.

Garaşsyzlyk – halkyň Arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk – milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw- umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna  baky öçmejek ýalkym saçdy. 

Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren ýene bir uly bagty — halal zähmetiň hözirini görüp, erkana ýaşamaga we dynç almaga bolan mizemez raýatlyk hukugydyr. Ýurdumyzda barha uly depgin bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, döwletimiziň içerki we daşarky syýasatynyň düýp esasyny düzýän demokratiýa hem-de adalatlylyk ýörelgelerimiz her bir türkmenistanlynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna barýan Garaşsyz ýurdumyzyň ähli sebitlerini ösdürmek, iň çetki künjeklerinde-de halkyň abadan ýaşaýşy üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty has-da rowaçlanýar. Eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyndaky 34 ýyllyk ýolunyň dowamynda durmuşa geçirilen bu işler bolsa türkmen döwletiniň mundan soňra-da has uly öňegidişlikler gazanyp, belent sepgitlere ýetjekdigine mizemez ynamymyzy berkidýär.

Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany! Türkmen halky bu gün öz bagtyna – dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Çünki ýurdumyzda adalat jemgyýetini, dünýä derejesindäki demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalary Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramy — anyk işleri we täze taslamalary amala aşyrmagyň döwri. Şeýle taslamalar bütin ýurdumyzy gurşap alýar. Her ýyl taryhy pursatlar, şanly wakalar bilen täze bir tapgyry aňladýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde döredijilik güýji bar. Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Dünýä ýüzünde parahatçylyga, dostluga, agzybirlige çagyrýan Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýy mundan buýana hem belent derejelere ýetsin! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasaty dowamat dowam bolsun!

Ogulsona BEKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyñ guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.