Garaşsyzlyk - türkmen halkynyň bagty

25-09-25

Garaşsyzlyk sözi «Bagt, Bagtyýarlyk, Berkararlyk» diýen düşünjeleri öz içine alýar. Eýsem, Garaşsyzlyk bagty nämedir? Bagtlylygyň uly borçdugyny bilýärmisiňiz?! Bagtyň nämedigine düşünmek oňa barýan ýoly öwrenmekdedir. Şu günüňe buýsanç geçmişiňi bilmekden başlanýar. Özüňi tanamak üçin aslyňa göz aýlamak gerek. Garaşsyzlyk biz üçin bihasap bar eçildi. Bu sansyz nygmatly, bagtly günleriň gadyryny bilmek biziň borjumyz. Atalaryň alyn derinden dörän durmuşa düşünmek perzentlik parzymyzdyr.

Biz bu gün ata-babalarymyzyň ynam-yhlasyndan binýat bolan türkmen binasyny «Berkarar döwlet», güýç-gaýraty bilen gazanan döwletli döwranyny «Bagtyýarlyk» diýip atlandyrýarys. Bu bagtyýarlyk atalaryň irginsiz yhlasy we aladasy, halal zähmeti we ýaşaýşa söýgüsi bilen dörändir. Bu berkarar döwlet bolsa Pyragynyň yşkynyň kemaly, arzuwlarynyň wysaly. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — yşkdan binýat bolan türkmen binasy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar. Garaşsyzlyk bu Türkmen halkynyň mukaddes baýramlarynyň biridir, ata-babalarymyz, pederlerimiziň taryhynda müňýyllyklaryň dowamynda Garaşsyz bolmak barada arzuw edip gelipdirler. Şol merdana pederlerimiziň, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşap gelen arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşgünde 1991-nji ýylda hasyl boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar eşretine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň ykbaly gülledi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hem-de onuň peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilik desgalarynyň, medeniýet merkezleriniň, ylym-bilim, saglyk toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, obalaryň halkara derejesinde abadanlaşdyrylyp, döwrebap şäherleriň we obalaryň peýda bolmagy şeýle-de ençeme desgalar Garaşsyzlygyň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş ymaratydyr. Garaşsyzlyk özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watanydyr! Ine, däp bolşy ýaly mukaddes toýumyzyň öňüsyrasynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň Halk maslahaty uly üstünliklere beslenip geçirildi.

Garaşsyzlyk döwrüniň nesli indi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atalarynyň altyn ýoluny dowam edýärler. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu babatda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip ynam bildirýär. Ynam mukaddesdir. Ynama ygrarly, borjuna wepaly watançy nesiller il-günümiziň guwanjydyr. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýmeginde hem ýene ýaş nesle — beýik geljege ynam bar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ylymly-bilimli ýaşlar bilen öňe barýar. Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, jan Watanym Türkmenistanym!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.