Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Türkmen Bitaraplygy — kämilligiň ýoly
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.
Hemişelik Bitaraplygy – dost-doganlygyň agzybirligi
Baky bagtyň ýolunda, bagtyýarlygyň goýnunda ýaşaýan türkmen halky ýene-de sanlyja günden hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlar. Bu günki gün türkmenistanlylar bagtyýarlygy, eşretli günleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize çäksiz alkyş bilen ýaşaýarlar.
BITARAPLYK TAGLYMATY— ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. Şu ýol-ýörelge bilen nesil terbiýeleýän halkymyz bu gün hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň nurana şuglasyny dünýä ýüzüne ýaýýar.
Berkarar döwletiň Bitaraplyk syýasaty rowaçlanýar
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň Watany
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Sportuň saglyga peýdasy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Döwrebap däpleriň birine öwrülen Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çäreler geçirilýär.
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
Türkmenistan bilen Gazagystan goňşy, taryhy-medeni taýdan ýakyn, sebitiň durnuklylygynda we ösüşinde möhüm orun eýeleýän döwletlerdir. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň binýadyny dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat we deňhukukly hyzmatdaşlyk düzýär. Türkmen – gazak gatnaşyklary häzirki wagtda syýasy, ykdysady, medeni, halkara we energetika ugurlarynyň birnäçesi boýunça sazlaşykly ösdürilýär.
BITARAPLYK — ABADAN DURMUŞYŇ KEPILI
Parahatçylygy pugtalandyrmak bilen halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly laýyklykda,şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işleri maksada laýyk durmuşa geçirýär. Bu bolsa, Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen ynanyşmak esasynda syýasy, ykdysady, gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy dünýä ýaýraýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän Berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk hukugyna eýe bolmagydyr.
KÄMIL ÝAŞLAR GELJEGIŇ BERK BINÝADYDYR
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Türkmen halky “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Bu şöhratly ýyly üstünliklere beslemek, döredijilikli zähmet çekmek, beýik ösüşlere goşant goşmak ildeşlerimiziň her biriniň baş maksady bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.