Saglygy goraýyşda belent sepgitler

27-02-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ugurlar bilen bir hatarda, milli saglygy goraýyş ulgamy hem yzygiderli kämilleşýär. Lukman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda, döwrebap ösüşlerimiziň nyşany bolan Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleri yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. Ýurdumyzdaky köpugurly hassahanalara, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerine, «Tiz kömek» merkezlerine, saglyk öýlerine dünýä belli kompaniýalar tarapyndan degişli şahadatnamalaryňdyr güwänamalaryň gowşurylmagy olaryň dünýä ülňülerine kybap gelýändigine şaýatlyk edýär. 

Eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy hereket edýär. Bu bolsa ýurdumyzda adam saglygynyň hemme zatdan ileri tutulýandygyny, ýyl-ýyldan has-da kämilleşdirilýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk raýatlarymyz baradaky aladany baş maksat edinip, giň gerimli işleri amala aşyrýar. Haýyr-sahawat gaznasyndan paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlarymyzdaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergi işleriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, her ýylda ýüzlerçe operasiýalar geçirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu sene mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda, etrap merkezlerinde dabaralar guralýar, halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär. Bu sene mynasybetli paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ylmy maslahatyň plenar mejlisine daşary ýurtlaryň birnäçesinden görnükli alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu foruma gatnaşýan ýurtlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny bellemek gerek. Şu gezekki çärä dünýäniň 40 döwletinden alymlaryňdyr lukmanlaryň, hünärmenleriň 120-ä golaýy, şeýle-de lukmançylyk enjamlaryny, sport, ylym-bilim ulgamlaryna degişli tehnologiýalary öndürýän hem-de hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalardan 180-den gowrak wekil gatnaşdy. 

Maslahatda çykyş edenler milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, özara tejribe alyşmagyň ähmiýeti barada giňişleýin beýan etdiler. Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny uzaltmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Bu gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde ykrar edilýän Türkmenistanda lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň täze derejesine çykýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Serdar AGAMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.