Hemişelik Bitaraplyk – dost-doganlygy pugtalandyrýan ýörelge
10-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň netijesinde barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde onuň oňyn ýörelgeleri barada gürrüň etmek has-da ýakymly. Görşümiz ýaly, Türkmenistan sebitleýin we ählumumy geosyýasy ýagdaýlaryň täze ugurlaryna we oňyn ösüşlerine eýe bolýar. Ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda diplomatik aragatnaşyklary berkitmek bilen, halkara hem-de döwletara derejesinde duşuşyklaryň, gepleşikleriň, forumlaryň, maslahatlaryň we beýleki dabaraly çäreleriň geçirilýän dostlukly merkezine öwrüldi.
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň oňyn daşary syýasat ugruny saýlap alyp, öňe tarap ynamly gadam urýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy maksady hem ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmekden, döwletimiziň Garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny berkitmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan ýokary derejä götermekden ybaratdyr. Häzir hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti biziň gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapýar. Hemişelik Bitaraplygymyz hakyndaky jümleler, aňlatmalar bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, döwlet nyşanlarymyzda şöhlelendirilip, ýurdumyz bu hukuk derejämize hemişelik ygrarlydygyny bütin dünýä ýüzünde subut edýär.
Bilşimiz ýaly, türkmen Bitaraplygynyň ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy berkitmäge, ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge, ähli halklaryň arasynda özara düşünişmegi ýola goýmaga gönükdirilendiginiň doly derejeli subutnamalaryny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň, öňe sürýän başlangyçlarynyň esasynda görýäris.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ilkinji döwletdir. Halkara hukugynda bar bolan tapawutlandyrmalara laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygy — görnüşi boýunça hemişelikdigi, ýagny onuň harby döwürde hem, parahatçylykly döwürde hem hereket edýändigi, mazmuny boýunça oňynlygy bilen tapawutlanýar. Oňynlyk ýurduň parahatçylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyryp, döwletiň halkara işlerine işjeň gatnaşýandygyny aňladýar.
Biziň ata-babalarymyz bitewi milli döwlet hakynda mydama arzuw edipdirler we uzak ýyllaryň dowamynda içki tertibiň we agzybirligiň nusgasyny bütin dünýä ýaýypdyrlar. Şeýle ajaýyp ýörelgeler häzirki döwürde hem dowam etdirilmek bilen, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan has-da ösdürilip, kämilleşdirilip, döwrebaplaşdyrylmak arkaly öňe ilerledilýär. Öňe sürülýän parahatçylyk söýüjilikli tekliplerdir başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edýän Kararnamalary arkaly bütin dünýäniň parahatçylygyna gönükdirilýär. Diýmek, türkmeniň sesini dünýä jemgyýetçiligi eşidýär, makullaýar we parahatçylyga gönükdirilen, dost-doganlyga çagyrýan oňyn tekliplerini dolulygyna goldaýar.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy diňe öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulsona BEKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmancylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafdrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.