DÖWÜR BILEN AÝAKDAŞ
21-02-26
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepewi düşünjelere, paýhasly öwüt-ündewlere baý bolan “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda belleýşi ýaly, mähriban Watanymyza söýgi akyldarlaryň pähimdarlyk mülküniň göwheridir. Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda kabul edilip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen Kanunlar hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty bilen başy başlanan we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen üstünlikli dowam etdirilýän hukuk özgertmeleriniň, milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen baglanyşykly işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Döwletimizde hereket edýän möhüm hukuk namalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň kämilleşdirilip, täze beýanda kabul edilmegi ösüşlere beslenýän döwrümizde milli kanunçylygyň döwür bilen aýakdaş gitmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Raýat kanunçylygy raýat dolanyşygyna gatnaşyjylaryň hukuk ýagdaýyny, eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny we ony amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär, şertnamalaýyn we gaýry borçnamalary, şonuň ýaly-da beýleki emläk gatnaşyklary we olar bilen baglanyşykly emläkleýin däl şahsy gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Maşgala, ýaşaýyş jaý, zähmet gatnaşyklary, tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça gatnaşyklar, eger ýörite kanunçylyk bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, adamyň aýrybaşgalanmaz hukuklary we azatlyklary hem-de beýleki maddy däl eşretlerini amala aşyrmak we goramak bilen baglanyşykly gatnaşyklar bu gatnaşyklaryň düýp manysyndan başgaça gelip çykmaýan bolsa, döwlet edaralarynyň we guramalarynyň fiziki we ýuridik şahslar bilen raýat hukuk gatnaşyklary, eger şol gatnaşyklar gaýry kanunçylyk bilen düzgünleşdirilmeli däl bolsa, raýat kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
Raýat kanunçylygy özüniň düzgünleşdirýän gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň deňligini, eýeçiligiň eldegrilmesizligini, şertnamanyň erkinligini, kimdir biriniň hususy işlere eden-etdilikli gatyşmagyna ýol berilmesizdigini, raýat hukuklarynyň päsgelçiliksiz amala aşyrylmagyny, bozulan hukuklaryň dikeldilmeginiň üpjün edilmegini, olaryň kazyýetiň üsti bilen goralmagyny ykrar etmek ýörelgelerine esaslanýar. Bu kadalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda diňe bir raýatlaryň däl, eýsem, ähli adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda goraglylygynyň ýene-de bir kanuny kepillikleriniň biri bolup durýar.
Jemgyýetçilik ynamy, raýat işjeňligi, raýdaşlyk hereketlerine ukyplylyk, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamak - bu diňe raýat jemgyýetini jebisleşdirmegiň aýgytlaýjy şertleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky halk häkimiýetiniň emele gelmeginiň zerur şertleri bolup durýar. Raýat institutlary demokratik gymmatlyklary, adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň möhüm şerti bolmak bilen, raýatlaryň öz mümkinçiliklerini amala aşyryp bilmegi, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady işjeňligini hem-de hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak üçin şertleri döredýär, jemgyýetde bähbitleriň deňagramlylygyny saklamaga ýardam berýär.
Raýat jemgyýeti döwletiň durnukly ösüşiniň, adalatlylygynyň we aç-açanlygynyň möhüm sütünidir. Ol jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky gatnaşygyň demokratik esaslarda guralmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda alnyp barylýan özgertmelere jemgyýetiň her bir agzasynyň işjeň gatnaşmagy, jemgyýetçilik guramalarynyň ösdürilmegi we olaryň hukuk taýdan goldanylmagy raýat jemgyýetiniň kämilleşmegine alyp barýar. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi, jemgyýetimizde ýüze çykýan raýat-hukuk gatnaşyklarynyň doly kadalaşdyrylmagynda, bu ugurda işleriň kanunalaýyk ýola goýulmagynda, kanunçylygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.