Hemişelik Bitaraplygy — bagtyýarlygymyzyň taglymaty
10-12-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çärelere beslenip, parahatçylyk söýüjilik taglymaty, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek ugrundaky tagallalary dünýä ýaýýar. Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen, Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk derejesi esasynda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürýär. Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde tutýan işjeň we oňyn orny ýene bir gezek ykrar edildi.
Bu gün Bitararaplyk ýörelgeleriniň parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen birlikde, durnukly ösüşi gazanmaga, asuda-abadan ýaşaýşy üpjün etmäge, dünýä hem-de sebit döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn täsir edýändigini Türkmenistanyň tejribesi aýdyň görkezýär. Türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugry hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugur ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini, özara peýdaly daşary ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegini nazarlaýar. Bitaraplyk derejesi ýurdumyza beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, giňeltmäge, bilelikdäki sebit taslamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi.
Türkmen Bitaraplygynyň ykdysady jähetleri, ilkinji nobatda, bu halkara hukuk ýagdaýynyň ykdysady hyzmatdaşlyklar üçin amatly syýasy giňişligi döredýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ýurduň Bitaraplyk derejesi ykdysady gatnaşyklarda daşary ýurt maýadarlarynyň şol döwletiň ykdysadyýetine gönükdirýän maýa serişdeleriniň yzyna girdejili dolanyp gelmegini üpjün etmekde bar bolan töwekgelçilikleriň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär. Netijede, bu ýagdaý daşary ýurt maýa goýum akymlarynyň milli ykdysadyýetimize gönükdirilmegini şertlendirýär. Häzirki döwürde Turkmenistan dünýäniň köp döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Daşary ykdysady syýasatynyň netijeliligini artdyrmak üçin Türkmenistanda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýöriteleşdirilen hökümetara toparlar döredilýär. Olaryň işi söwda-ykdysady, maýa goýumlar we beýleki ugurlary öz içine alýar. Bitarap Türkmenistan halkara derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, uly senagat toplumlarynyň gurulmagyna işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň hatarynda energiýa geçirijileriň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreleri, täze ulag-aragatnaşyk geçelgeleriň we üstaşyr ugurlaryň döredilmegi, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar edilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýola goýulmagy, bu ugurlarda öňe süren başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrundaky tagallalaryny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy bilen, ýurdumyz sebitde üstaşyr ulag geçelgesiniň ornuna ymykly eýe bolýar. Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek üçin zerur şertleri döredýär.
Bitarap Watanymyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesine eýe bolmagy söwda ulgamyny, telekeçiligi, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistan halkara maliýe derejesini pugtalandyrýar, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklar yzygiderli kämilleşdirilýär, bu maksatlarda ýurdumyz Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar ýurdumyzyň ykdysady, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmäge, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Bitaraplyk derejesiniň döredýän amatly şertleriniň esasynda ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylmagy, jemi içerki önüminiň durnukly ösüş depgini, döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 70 göterimden gowrak böleginiň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi, daşary söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagy guwandyryjy ýagdaýdyr, bu ýagdaý bitaraplyk ýörelgeleriniň ösüşiň ygtybarly ugry, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň bolsa, hyzmatdaşlygyň altyn guraly bolup durýandygyny görkezýär. Bitarap Watanymyzda ykdysady ösüşler, dürli ugurlardaky üstünlikler hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygynyň artykmaçlyklaryny, oňyn häsiýetini bütin dünýä äşgär etmek ugrunda alyp barýan işleri üstünliklere beslensin!
Altyn ORAZGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmancylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň okuw müdiri.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.