Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Dermanlyk ösümlikleri - tebigatyň şypa çeşmesi
Hormatly Prezidentimiz raýatlaryň saglygy barada yzygiderli aladalar edýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, saglygy dikeldiş şypahanalarynyň durky täzelenilip, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyz adamlaryň saglygyny berkitmekde we dikeltmekde derman ösümlikleriniň hem uly ähmiýete eýedigini hemişe nygtap geçýär.
Sagdyn jemgyýet - döwletiň baş ýorelgesi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
HEMIŞELIK BITARAPLYK ÝÖRELGÄMIZ – BAGTYÝAR ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY
Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini aýdyň beýan edýär. Bu asylly ýörelge halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryndan, parahatçylyk söýüjilik ýolundan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty netijesinde bu asylly ýörelgämiz dünýä ýaýylýar.
Bilimli ýaşlar — Watanyň guwanjy
Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda ýurdumyzyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen mynasyp dowam etdirilýändigi bolsa bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.
Behişdi bedewler – halkymyzyň milli buýsanjy
Ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny tassyklaýar.
Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň özenidir
Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilýän 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly taryhy ähmiýete eýedir. Bu şanly sene her bir watandaşymyz üçin buýsançly senedir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy durnukly ösüşiň nusgalyk binýadyna öwrüldi.
Bitaraplyk - buýsanjymyz, şan-şöhratymyz
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Dünýä syýasatynda Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy has-da artýar. Halkymyzyň aňyna siňen ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty bu günki gün alnyp barylýan beýik işlere badalga bolup durýar. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly şygary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar.
MILLI BILIM ULGAMY: ösüşleriň täze döwri
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty uly rowaçlyklara beslenýär, ýurdumyz gülleýär hem ösýär. Ata Watanymyzyň nurana ertiri bolan ýaş nesilleriň kämil bilimli, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ähli mumkinçilikler döredilyär.
«Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz»
Her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrdy.
Hemişelik Bitaraplygymyz – türkmen diplomatiýasynyň üstünligi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.