HALKYŇ ABADANÇYLYGY – ÝURDUŇ ASUDALYGY
09-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz ösüşleriň bedew batly depgini bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipesidir.
Şunuň bilen baglylykda, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamak zerur bolup durýar. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylmalydyr” diýip, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin durmuşyny goramagy, milli kanunçylygymyzy barha döwrebaplaşdyrmagy, ýurdumyzyň syýasatynyň esasy maksady hökmünde kesgitledi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan we öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň, sözüň doly manysynda, raýat jemgyýetini kemala getirmegiň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň, adam hukuklarynyň goragynyň barha ýokarlandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kanunyna laýyklykda, täze Raýat kodeksi tassyklanyldy we ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Bu resminama raýat-hukuk gatnaşyklarynyň esasy kadalaryny düzgünleşdirer we geljek ýyllarda ýurduň hukuk ulgamynyň binýady hökmünde çykyş eder. 1343 maddadan ybarat bolan täze kodeksiň güýje girmegi bilen öň hereket eden ähli resminamalaryň güýji bes ediler. Şol sanda 1998-nji, 2003-nji, 2007-nji, 2010-njy, 2012-nji we 2019-njy ýyllarda kabul edilen Raýat kodeksi bilen baglanyşykly kanunçylyk namalary hem güýjüni ýitirer.
Kanuna laýyklykda, täze kodeks 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň ýüze çykýan ähli hukuk gatnaşyklaryna degişli ediler. Şol bir wagtda, bu seneden öň emele gelen raýat-hukuk borçnamalaryna täze kodeksiň düzgünleri diňe onuň güýje girizilenden soň ýüze çykýan hukuklary we borçnamalary düzgünleşdirmekde ulanylar. Hereket edýän hukuk gatnaşyklarynyň gatnaşyjylary özara ylalaşyk esasynda täze kodekse laýyklykda düzgünleşdiriş ulgamyna geçip bilerler. Mundan ozal hereket eden hukuk namalary, täze kanunçylyk bilen gapma-garşylyk bolmadyk ýagdaýynda täze kadalara laýyk getirilýänçä güýjünde galýar we ulanylmagyny dowam etdirýär. Kodekse ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik syýasatyna laýyklykda täze goşulan bapda fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary beýan edildi. Raýat kodeksine halkara hususy hukugy baradaky ýörite bölümiň goşulmagy milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Raýat kodeksine haýyr-sahawat işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýan babyň, şonuň ýaly-da daşary ýurt raýatlarynyň ýa-da daşary ýurt ýuridik şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da beýleki daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan halkara hususy hukugynyň kadalary beýan edilýän bölegiň girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Kodeksde ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeler berildi we olaryň mazmuny doly açylyp görkezildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen wezipeleri amala aşyrmaga, adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilen hukuklaryny we azatlyklaryny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmäge uly ýardam eder.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda kanunçylygyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, demokratiýanyň dabaralanmagy, beýik zamanamyza mynasyp ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tagallalary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmakçylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.