Dermanlyk ösümlikleri - saglygyň gözbaşy

21-02-26

Hormatly Prezidentimiz raýatlaryň saglygy barada yzygiderli aladalar edýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, saglygy dikeldiş şypahanalarynyň durky täzelenilip, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz adamlaryň saglygyny berkitmekde we dikeltmekde derman ösümlikleriniň hem uly ähmiýete eýedigini hemişe nygtap geçýär.

Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitaplary muňa doly güwä geçýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz kitabyny 2010-njy ýylda ýazmaga girişdi. Türkmenistanda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada ýazylan uly göwrümli, çuň manyly, giň halk köpçüligi üçin niýetlenen örän uly ylmy çeşmedir.

Gahryman Arkadagymyz kitabyň döreýşi barada şeýle diýýär: «Bu kitap meniň mukaddes ene süýdi bilen aňyma ornaşan ene topragymyza we mähriban halkymyza hem-de ata-babalarymyzyň bize galdyran mirasyna bolan çuňňur söýginiň netijesinde döredi». Kitabyň esasy maksadynyň lukmanlara, çig mal ýygnaýjylara we saklaýanlara, okyjylar köpçüligine derman ösümlikleri boýunça öz bilimini artdyrmaga kömek bermekden ybarat bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçmişde uly meşhurlyga eýe bolan lukmanlarymyzyň kitaplarynyň terjime edilip halk köpçüligine ýetirilendigini hem belläp geçýär.

2004-nji ýylda ençeme ýyllap gadymy Köneürgençde ýaşan meşhur lukman Abu Ali Ibn Sinanyň alty tomluk «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly ensiklopedik kitabynyň çap edilendigini, onda 1500 sany ösümlikleriň, haýwanlaryň dermanlyk häsiýetleri barada, şol dermanlyk ösümlikleriň 800-e golaýynyň bolsa heniz hem giňden ulanylýandygy hakynda gürrüň berýär. 1995-nji ýylda Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjany) «Tebipçiligiň ýan kitaby» atly kitaby türkmen dilinde çap edildi. Kitapda 200-den gowrak dermanlyk ösümlikleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Bu meşhur alymyň Köneürgenç soltanlary Tekeşiň we Atsyzyň şahsy lukmany bolup işländigini hormatly Prezidentimiz belleýär.

Ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň gakylyk gopardyjy dermanlyk häsiýetli görnüşlerine hem aýratyn orun berilýär. Gakylyk gopardyjy serişdeler – gakylygy ýumşadýan we dem alyş ýollaryndan (bronhlar) çalt çykarmaga kömek edýän derman toparydyr. Täsir ediş häsiýetine baglylykda, bu derman serişdeleri iki topara bölünýär: reflektor täsirli we gönümel täsir edýän gakylyk gopduryjy serişdeler.

Reflektor  täsir edýän derman serişdelerine derman otlardan we olaryň ekstraktyndan  taýynlanan  serişdeler degişlidir. Bu dermanlar kabul edilende, aşgazanyň nemli  bardasynyň  gyjyndyrylmagy, bronhlarda nemiň reflektor çalt we köp bölünip çykmagyna, onuň has suwamagyna getirýär. Bu topara degişli serişdelerden termopsis otuny, buýan  köküni, çebres otuny, alteýanyň köküni bellemek bolar. Gönüden-göni  täsir edýän gakylyk gopduryjy serişdeleri bolsa bronhlara täsir edip, gakylygy üýtgedip öz täsirliligini ýüze çykarýarlar. Bu derman serişdelerine ýoduň duzlary, efir ýaglary, iýmit sodasy, ASS, ambroksol, bromgeksin  ýaly  dermanlar  degişlidir.

Gakylyk gopduryjy serişdeler ýiti we dowamly bronhlaryň, traheýanyň, öýken sowuklamalarynda,  demgysmada, bronhoektaz  keselinde, mukowissedoz keselinde gaýnatma, ekstrakt, gerdejik, buglary bilen dem alma görnüşde ulanylýandyr. Islendik derman serişdelerine degişli bolşy ýaly, bu toparyň serişdeleri hem näsagyň ýagdaýyna, üsgülewügiň we çykýan gakylygyň häsiýetine, anyklanan kesel kesgidine baglylykda lukman tarapyndan bellenmelidir.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaplarynda milli Liderimiz ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary halk lukmançylygynda ulanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary berýär. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigi hakynda aýdylýar. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk otlaryň endemiki ösümlikler, ýagny dünýäniň hiç bir ýerinde duş gelmeýän ösümliklerdigini hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtap geçýär. Kitaplarda hem dermanlyk ösümlikleriň suratlary, häsiýetnamalary, himiki düzümi, saklanylyşy, dermanlyk gory, peýdalanylyşy barada gyzykly, sada, düşnükli edilip gürrüň berilýär, rowaýatlardyr tymsallar, meşhur alymlaryň ylmy işlerinden mysallar getirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kitabyny ýazmakda örän köp sanly alymlaryň ylmy derňewlerinden peýdalanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän dermanlyk ösümlikleriň ylmy ensiklopediýasy diňe bir türkmen okyjylarynda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi.

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem giňden bellenilen bu baýramçylyk günleri lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ylmy-ensiklopedik kitaby dünýäniň onlarça dillerine terjime edilip, millionlarça okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň köp zähmet çekip ýazan bu köp jiltli gymmatly kitaby diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem uly goşantdyr. Bize şeýle ajaýyp kitaplary sowgat berýän, halkynyň saglygy barada gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.