Beden saglygy – bagtyýar durmuşyň kepili
25-02-26
Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasy. Şular gurat bolsa, beýleki baýlyklary gazanmagyň müşgil däldigi hemmä mälim.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglyk goraglylygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda eziz Diýarymyzda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde geçiren iş maslahatynyň çäginde goldawa mätäç çagalara berilýän lukmançylyk kömekleri, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işleriň netijeleri, çagalaryň saglygyny dikeltmek ugrunda döredilen mümkinçilikler dogrusynda birnäçe tabşyryklary berdi.
Lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde goldawa mätäç çagalaryň ençemesi saglyklaryny dikeltdiler. Munuň özi kömege mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekde döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ynsan üçin onuň jan saglygy gymmatly baýlykdyr. Beden saglygyny gorap saklamak adamyň özüne bagly. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, sowukdan goranmaly, köp keseliň başy sowuklamadan başlanýar. Howanyň her pasla görä özboluşlylygynyň bozulan halatynda, adam bedeninde dürli näsazlyklar ýüze çykyp bilýär we kellagyry, ukynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar döreýär.
Günde irden otaglaryň penjirelerini açyp, içerini ýelejiredip durmaly. Arassaçylygy berk berjaý etmeli. Dynç alşy, gündelik sekiz sagatlyk ukyny bedenterbiýe maşklary bilen sazlaşykly alyp barmaly. Sagdynlygyň gözbaşy bolan witaminlere baý önümler bilen kadaly we dogry iýmitlenmek bedenimize güýç, kuwwat berip, ony dürli kesellerden goraýar, bedeniň goraýjylyk ukybyny artdyrýar, fiziki we ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesi dürli keselleriň öňüni alýar, ömrüň dowamlylygyny artdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, adam saglygy hakynda edilýän aladanyň bimöçberdigini gündelik durmuşymyzda aýdyň görmek bolýar. Mundan beýläk-de, adam saglygy bilen baglanyşykly ýetilen sepgitler geljekde hem öňde goýlan wezipeleri oňyn çözmek üçin esas boljakdygy bellärliklidir.
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähiminden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Sagdyn ýaşamak ýörelgesine yzygiderli eýerýän, saglyk babatda dogry pikirlenip bilýän adam lukmana diňe barlag we gözegçilik üçin ýüz tutýar. Ol näsaglamagyň öňüni almakda lukmana ýardam berýär... Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr» diýip belleýşi ýaly, geliň, ömrümiz barada alada edip, saglygymyzy goralyň!
Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen düýpli ylmy işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir ýurdumyzyň farmasewtika ylmyny ösdürmekde däl, eýsem, dünýä boýunça fitoterapiýanyň ösdürilmeginde hem möhüm ädim boldy. Bu ylmy iş Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýasydyr. Ata Watanymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ösen sportuň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Diýarymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ymam BAÝRAMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.