«Saglyk» Döwlet maksatnamasy dabaralanýar

19-03-26

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 30 ýyl doldy. Bu döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde ulgamda dünýä nusgalyk ösüşlere ýetildi. 

Uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýokary derejede bellenilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem dabaralara baý boldy. Şolaryň hatarynda hünär baýramymyza gabatlanyp geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat türkmen we dünýä lukmançylygynyň gazananlaryny bir ýere jemlän forumdyr. Her ýyl geçirilýän bu forum ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eden möhüm ähmiýetli çäreleriň biri boldy.

Halkara foruma ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň we saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän iri taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine hödürlenilmegi, bu eseri öz ýankitabyna, usuly gollanmalaryna öwürjek lukmanlaryň kalbynda şatlyk duýgusyny goşalandyrdy. Bu kitap lukman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. Täze kitap ozalkylarda bolşy ýaly, «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» diýen iki bölümden ybarat bolup, onuň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan dermanlyk ösümlikleriň ençemesi barada doly we düýpli maglumat berilýär.

Bilşimiz ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler, milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurtly okyjylaryň millionlarçasyna elýeterli edildi. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle buýsançly wakalaryň hatarynda 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda bolsa 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagyny we ýurdumyz boýunça saglygy goraýyş desgalarynyň uly dabaralara beslenip açylandygyny bellemek bolar. Şeýle çäreleriň hatarynda Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara maslahatyň dowam edendigini bellemek mümkin. Bu halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döreden esasy çäreleriň biri boldy.

Halkara maslahata daşary ýurtlaryň birnäçesinden — Russiýadan, Germaniýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Hindistandan, Türkiýeden görnükli professorlar, alymlar gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň netijelidigini belläp, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň, şol sanda dünýä lukmançylygynyň iň gowy tejribelerini we täze işlerini nazara almak bilen, ony has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky ýyllarda tejribe alyşmak, ýokary hünär derejeli işgärlere bilim bermek we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça ýola goýlan özara gatnaşyklar adamlaryň saglygyny goramagyň ählumumy wezipelerini çözmäge uly goşant bolup durýar. Bu babatda bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmak, dürli keselleri anyklamagyň we bejermegiň täze tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr.

Häzir ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda hem-de milli kanunçylygy nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Käbir howply ýokanç keselleriň, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi hakynda halkara güwänamalar hem-de biziň ýurdumyzyň ýokanç däl keselleriň öňüni almaga goşýan uly goşandy üçin BSGG-niň güwänamasy ilatyň saglygyny goramak işinde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasydyr.

Lukmançylyk ylmyny ösdürmäge we lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ýusupgylyç GYLYJOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.