Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA «MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ PARAHATÇYLYK TAGLYMATY» ATLY ONLAÝN TEST BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
6-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylaryň hem-de Türkmenistanyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Magtymgulynyň hoşniýetli goňşuçylyk baradaky şygyrlaryna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi.
Berkararlygyň we bagtyýarlygyň senasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň, özgerişleriň, agzybirligiň, asudalygyň, toýdur baýramlaryň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimiz özüniň barha belende galýan halkara abraýy bilen bütin dünýäde tanalýar. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-birege hormat goýmak, ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar.
Ykdysady ösüşlere tarap
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işler oňyn netijelerini berýär. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ösüşiň täze tapgyryny üpjün edýär.
Parahatçylygyň we ösüşiň özeni
Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen bitaraplygy döwletleri we halklary doganlaşdyrýan gudratdyr!» diýip belleýär.
HEMIŞELIK BITARAPLYK — MILLI ÝÖRELGÄMIZ
Berkarar döwletimiz hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanan bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlara üstünlikli hötde gelmek bilen, parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk işine, ygtybarly durmuş-ykdysady ösüşe öz goşandyny goşýar, sebit we sebitara guramalar bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.
SANLY BILIM – KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletimiziň milli ýörelgeleri
Asuda ýurduň asmanynda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine, reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende, erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini, ajaýyp aýdymyň owazyny eşideniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän parasatly başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde goldaw tapýandygyny göz öňüne getireniňde, watançylyk duýgusyndan, buýsançdan ýaňa bütin dünýäň şatlyga dolýar.
HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞLI ÝOLLARY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Munuň netijesinde, goňşy döwletler bilen medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Muňa ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ugry hem ýardam berýär, ol parahatçylyk dörediji ugra, sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir.
SANLY ULGAMA GEÇMEGIŇ KONSEPSIÝASY
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Türkmenistan Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna, täze iş orunlaryň döredilmegine gönükdirilen işleriň arasynda döwlet Baştutanymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Ýüzärlik - müň bir derdiň dermany
“Eger çölde azaşaýsaň, ýüzärlik köpçykyberse, ýa-ha öňüňden guýy çykar, ýa-da obaçylyk” diýip ýaşuly adamlar ýönelige aýtmaýalar. Diýmek ol oturymly ýerlerde bitýär. Dag eteginde, düzlikde, toýunly, çägesow toprakda ösýär. Bu ösümlik ýurdymyzyň köp ýerlerinde gabat gelýär. Giň ýaýranlygy üçin halkymyz ony adraspan, ýüzärlik,üzärlik iswent diýip atlandyrýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.