Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär!

07-10-21

Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň pagta ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan  ýylynda Gubadag etrabynyň pagta kärendeçileri dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan “ak-altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Häzirki wagtda kärendeçi daýhanlaryň bar aladasy kemala gelen ak altyny gysga wagtda isripsiz Watan harmanyna tabşyrmak bolup durýar.

Pagta ýygymy möwsüminde el güýji bilen bir hatarda pagta ýygyjy kombaýynlaryň güýjinden peýdalanmak göz öňünde tutylýar. Bu ugurda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň pagta ýygyjy kombaýynlary daýhanlaryň iň ýakyn daýanjy bolup durýar. Şu ýyly pagta ýygymy möwsüminde kärhananyň pagta ýygyjy kombaýynlarynyň 17-siniň gije gündizleýin 2-topardan ybarat bolup arman ýadaman zähmet çekýärler. Bulardan Bazarbaý Täçliýew, Döwran Arazbaýew, Ýazbaý Sabyrow we Bäşim Ilamanow dagylar kombaýnlarda zähmet çekip ussatlyk bilen öndürüjilikli öňde barýarlar. Bu kombaýynlara kärhananyň işçi hünärmenleri tarapyndan gözegçilikden geçirilip, olara zerur bolan tehniki hyzmatlar görkezildi, pagta ýygymy möwsümine taýýar halatyna getirildi. Şeýle hem goçme abatlaýjy toparlaryň 2-si döredilip, toparlaryň her biri bejeriji enjamlar, gurallar, zerur bolan ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjin edildi. Toparlara abatlaýjy ussalar, tejribeli hünärmenler berkidildi. Munuň özi pagta ýygymy möwsüminde kombaýynlaryň, pagta ýygyjy tirkeg gurallaryň saz işlemegine, pagta ýygymynyň ýokary depginde gitmegine uly mümkinçilik berer.

Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işgärleri, ýerlerdäki ilkinji guramalarymyz bilen bilelikde pagta ýygymy möwsüminde, möwsüme gatnaşýan zähmet adamlarynyň aralarynda bolup Hormatly  Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oba hojalyk ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, oba hojalygyny senagatlaşdyrmak, ykdysady garaşsyzlygy mundan beýläkde berkitmek boýunça alynyp barylýan işler baradaky çykyşlar edip,  ene toprakdan bol hasyl alyp, Watan harmanyna  mynasyp goşandyny goşýan, tapawutlanan kärendeçä, öňdebaryjy mehanizatora Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Gubadag etrap komitetiniň adyndan ýörite hormat hatlary we ýadigärlik sowgatlary gowşurýarys. Bu bolsa möwsüme gatnaşýan oba zähmetkeşleriniň işe bolan höwesini artdyryp, öndürjilikli işlemäge uly badalga berer.

Ýusup JUMAKOW, 
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň

Gubadag etrap komitetiniň esasy hünärmeni. 

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.