Döwlet syýasatynyň möhüm ugry
30-09-21
Berkarar döwletimiziň durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri şäherlerdir obalarda durmuş maksatly desgalaryň barha köp sanlysynyň gurulmagyny şertlendirilýär. Täze-täze binalar bu günki günde bagtyýarlyk döwrümiziň görküne görk goşýar. Şolaryň hatarynda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap okuw mekdepleri, sport desgalary çagalardyr ýaşlaryň hyzmatyna berilýär.
Döwrüň şeýle derejede özgermegi bilen, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejeleri gün-günden ýokarlanýar. Şonuň bilen bir hatarda her türkmenistanly özleriniň boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklgi maksat edinýärler, şýurdumyzyň gözel ýerlerine baryp dynç almaklyga çalyşýarlar. Dynç almaklyga gitmekde dürli hili ulag serişdelerinden peýdalanmaly bolýarlar. Ulag serişdeleriniň gün-günden köpelmegi bilen täze ýollaryň, ýerasty geçelgeleri gurulýar, ozalky bar bolan köçeleriň, ýollaryň durky täzelenýär. Şeýlelikde ýollarda ulag serişdeleriniň köpelmegi bilen hereketiň ýygjamlaşmagy köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güçlendirilmegini talap edüär. Netijede köçelerde, ýollarda her birimiziň ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý etmeli bolýar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýollarda mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň piýada hereketleriniň köpelmegi bilen ýollarda howpsuzlyk kadalaryny üpjün etmek meselesi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp hormatly Prezidentimiziň “Dowlet adam üçindir!” diýip öňe süren adyl syýasatyna jogap edip, raýatlarymyza ýolda asuda, howpsuz ýagdaýlary göz öňünde tutyp her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk yglan edilýär. Bu işleri ýerine ýetirmek diňe bir hukuk goraýjy edaralarynyň işi bolman, eýsem hemmeleriň borjy bolup durýar, sebäbi bu ýerde gürrüň mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň we ahli raýatlarymyzyň ýollarda howpsyzlygyny üpjün etmek barada barýar.
“Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy ýokary derejede netijeli geçirmek maksady bilen Türkmen oba hojalyk institutynda hem meýilnama işlenip düzüldi. Institutda meýilleşdirilen çäreler boýunça içeri işler gullygynyň, saglygy goraýyş we jemgiýetçilik guramalarynyň hünärmenleri bilen duşuşyklar, talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşikler guraldy. Institutyň bilim işgärlerinden gündelik okuw binasynyň ýanyndaky geçelgelerde talyplaryň geçýän ýerlerinde ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmazlygy we ýol hadysalarynyň bolmazlygyny gözegçilik edýän nobatçylar bellenildi. Talyplara gündelik geçirilýän nyzamlarda fakultetleriň dekanlary Kakamyrat Mergenow, Serdar Sopyýew we Wepa Halymow dagylar ýol hereket düzgünleriniň kadalaryny berjaý etmek barada talyplara düşündiriş berýärler. Olardan başga-da institutyň esasy girelgelerinde şol tema degişli telegepleşikler yzygider görkezilmegi ýola goýuldy.
Bu günki ösüp gelýän nesil-ýurdumyzyň gelejekki eýeleri. Olaryň sagdyn, sowatly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda mähriban Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde möhüm ähmiýet berilýär. Bu mesele döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplanýar. Şoňa görä-de ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ösüp kemala gelmegi üçin alada etmek biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Köçelerdir ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini gazanmak bolsa şol derwaýys aladanyň aýrylmaz bölegidir.
Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.