Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
“TÜRKMENIŇ AK ÖÝI” BINASY
Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat merkezinde gurlan täze gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi. Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy.
“LAÇYN” NYŞAN AK GUŞ GELÝÄR PEL-PELLÄP
Wagt şeýle bir çalt geçýär, onuň nädip geçenini duýman galýarsyň. Şonda ömrüň manysy hakda oýlanmaga mejbur bolýarsyň. Ömrüň manysy ynsanyň ýaşan ýaşyna bagly bolman, eýsem onuň durmuşda galdyran yzlaryna baglydygyna göz ýetirýärsiň. Şonda kalbyňda halkyňa, Watanyňa ak ýürekden hyzmat edip, il-güne öz ýagşylyklaryňy galdyrmaga bolan hyjuw oýanýar.
Türkmenistanyň Esasy Kanuny – baky berkararlygymyzyň binýady
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hukuk namalarynyň, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalaryň kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda raýat hukugyny goramagyň dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan habar berýär.
OBA HOJALYGY: DÖWREBAP ÖZGERTMELER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek ugrunda uly özgertmeler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem oba hojalygyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAŞ MAKSAT — KÄMIL HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK
Ähli ösüşleriň özeninde bilimiň durandygy mälimdir. Şonuň üçin-de bu ulgama aýratyn üns gönükdirilýär. Ýurdumyzda bilimiň binýady berkden tutulyp, onuň kanunçylyk-hukuk derejesi berkidilýär. Şonuň ýaly-da halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýäniň öňde baryjy döwletleriniň bu ugurda gazanan oňyn tejribesini öwrenmäge we milli nusgalara laýyk getirip ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
ÝAŞ NESLIŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ KITABY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly üstünliklere beslenen ýyllaryndan biri bolan 2023-nji ýyl bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda, hakydamyzda we aňymyzda müdimilik orun alýar. Biz bu ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýaş nesliň şu günki we geljekki ykbaly bilen baglanyşykly göwün galkyndyryjy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk.
Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen baý edebi mirasymyzyň düýpli we hemmetaraplaýyn öwrenilişi barha giň gerime eýe bolýar. Geçen ýylyň 10-njy dekabrynda «Şuşa – türki dünýäniň medeni paýtagty-2023»-iň ýapylyş dabarasy bolup geçdi. Çäräniň çäginde TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň sazlaýjysy diýen wezipe Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa geçirildi, «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany bolsa Änew şäheriniň häkimi Röwşen Jumaýewe gowşuryldy.
ÇEPER SÖZÜŇ ÄGIRDI – MAGTYMGULY PYRAGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr.
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASY
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär.
Türkmeniň şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» – diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly Magtymguly atamyzyň many-mazmuna baý, şahyrana edebi mirasy külli ynsanyýet üçin köňülleriň çyragy bolup, ýaşaýyş durmuş babatda adalatly ýol-ýörelge görkeziji, hakyky adam bolup ýaşamaklygy ündeýji ruhy hazynadyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.