Mülkdar bilen duşuşyk

07-09-21

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komiteti we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary häzirki wagtda etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde bolup kärendeçi ýer eýeleri bilen iş üstünde duşuşýarlar, olaryň armasynyny ýetirip, meýdan işleriniň alnyp barylşy barada pikir alyşýarlar. Golaýda Köneürgenç etrabynyň Akgala daýhan birleşiginiň kärendeçileri bilen iş üstünde duşuşylyp, olaryň oba hojalyk ekinleriniň ideg işleriniň ýerine ýetirişi barada piki alşyldy.

Mälim bolşy ýaly Akgala daýhan birleşigi etrabymyzda iň iri hojalyklarynyň biri bolup, öňdebaryjy daýhan birleşikleriň hatarynda tanalýar. Daýhan birleşikde ençeme ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgurlanýan oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, ýurdymyzyň azyk bolçylygyna mynasyp goşandyny goşýan kärendeçiler näçe diýseň bar. Olar özleriniň päk zähmetleri bilen her ýyly oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerinden bol hasyl alyp bazar bolçylygynyň döredilmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ilatymyzy hut öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk önümleri bilen ygtybarly üpjin etmek boýunça oba hojalykçylaryň öňlerinde möhüm wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglylykda soňky ýyllarda daýhan birleşiklerde gowaça, bugdaý bilen bir hatarda gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirmeklik ýola goýuldy. Akgala daýhan birleşiginiň mülkdary Gurbanmyrat Ýazmyradow hem hormatly Prezidentimiziň kärendeçiler üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp özüniň 3 gektar mülk ýerinde oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetirşdirýär. Ýigirmi ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgurlanýan mülkdar Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mülk ýerinde künjiniň bol hasylyny ýetişdirýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň başlygy Oraz Arazow, etrap komitetiniň esasy hünärmeni Magsat Meredow dagylar mülkdar Gurbanmyrat Ýazmyradow bilen iş üstünde duşuşyp, mülkdaryň ideg işlerini alyp barşy barada pikir alyşdylar. Künji oba hojalyk ekinleriniň içinde iň gadymdan bäri ekilip gelinýär. Künji ýag almakda, dürli süýjilik önümlerini taýýarlamakda örän ähmiýetli. Hut şunuň bilen baglylykda ilatymyz bu ekine uly köp isleg bildirýärler. Häzirki wagtda mülkdar künjiniň idegini kemsiz berjaý edip, künjileriň kadaly ösüşini, bol hasyl toplamagyny gazanýar. Tebigat gözelligine gözellik goşyp, gül gunçalara beslenip otyran künjili meýdanlar synlanyňda mülkdaryň çeken zähmetiniň kemsiz ýerine düşjekdiginden habar berýär. Munuň özi mülkdaryň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýyna özüniň mynasyp sowgady bolar. Işlemäge, halal zähmetiň hözürini görüp eşretli bolelin durmuşda ýaşamaga ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömrü uzak, belent başy aman bolsun. Halkymyzyň bagtyýarlygyny nazarlaýan beýik işleri elmydama rowaç alsyn.

Gülhumar  HOJAHMETOW, 
Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň 
Köneürgenç  etrap  komitetiniň  hünärmeni.

1685cd91398747.jpeg
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.


1685b96735e5ca.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.