Düşündiriş işleri geçirilýär
17-09-21
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdymyzda her bir raýatyň saglygy barada alada edilip, ilatymyzyň saglygyny gorap saklamak, dikeltmek, bejermek, ömür dowamlylygyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdymyzyň çar künjinde saglyk maksatly binalar gurlup ulanmaga berilýär. Gurulýan bu binalarähli babatynda dünýä ülňilerine doly laýyk gelip, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Bu sagaldyş we anyklaýyş binalarda ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty görkezilip, ilatymyz öz saglyklaryny dikeltýärler.
Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Köneürgenç etrabynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Etrabyň edara- kärhanalarynda, köçeleriň ugurlarynda, serhet ýaka obalarda Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan zyýansyzlaşdyryş işleri häzirki güniň talaplaryna görä yzygider geçirilýär. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärlere lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak, howpsuz araçägi saklamak, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça jogapkär işgärler tarapyndan düşindiriş işleri yzgiderli geçirilýär.
Edara-kärhanalaryň girelgelerinde, her bir otaglarynda saglyk burçlary döredilip, zerur lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Edara-kärhanalarda, köçeleriň ugurlarynda, jemgyýetçilik ýerlerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek boýunça foto suratly ýatlamalar ýygy-ýygydan goýulup, her bir raýatyň ünsini özüne çekýär. Etrabymyzda 15 sany geňeşlik bolup, olaryň her birinde Geňeş arçynlaryndan, geňeş agzalaryndan, oba lukmanlaryndan, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärlerinden, jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalaryndan düzülen toparlar döredildi. Bu topar agzalary geňeşligiň çäginde hojalyklara baryp sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça düşindiriş işlerini geçirýärler. Düşindiriş işleriniň çäklerinde her bir raýatyň arassaçylyk düzginlerini berjaý etmekligini, agyz-burun örtügini talabalaýyk ulanmaklygy, pasla görä geýinmegi, kadaly iýmitlenmegi, öýlerini arassa tämiz saklamaklygy, zyýansyzlaşdyryş işlerini geçirmekligi boýunça özleriniň gymmatly maslahatlaryny berýärler. Wagyz-nesihat işleri etrabymyzyň Hakykat, Täzegüýç, Derýalyk, Täzeýol geňeşliklerinde has-da guramaçylykly alnyp barylýar.
Biziň her birimiziň saglygymyz öz elimizde. Öýlermizde, iş ýerlerimizde, jemgyýetçilik ýerlerinde şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etsek, 2 metr howpsuz araçägi saklap, agyz-burun örtügini talabalaýyk ulansak ömür dowamlylygymyzy artdyrmaga uly mümkinçilik berer. Öz saglygymyzy goralyň, sagdyn bolalyň, sagdyn ýaşalyň.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.