Saglygym - baş baýlygym
03-09-21
Türkmen halkynyň akyldar söz ussady Magtymguly Pyragynyň “Saglygyň gadryn bilgil – hassa bolmazdan burun” diýen setirlerini özine esas eden hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygy barada uly işleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen indi ençeme ýyllardan bäri her ýylyň sentýabyr aýynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy-ömrümiziň rahatlygy” ady bilen biraýlygyň geçirilmegi hem halkyň saglygyny hemme zatdan ileri goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
“Ýol hereketiniň howpsyzlygy ömrimiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän bu çäraniň ýylyň ýylyna geçirilmegi ilatymyzyň hususanda Watanmyzyň röwşen gelejegi bolan ýaş nesillerimiziň saglygyny gorap saklamakda juda ähmiýetlidir. Çünki bu aýda Watanmyzyň ertiki eýeleri bolan ýaş nesillerimiz umumy bilim berýän orta mekdeplere, ýörite orta we ýokary okuw jaýlaryna okuwa başlamagy şunuň bilen baglylykda ýollarda dürli awtoulaglaryň, piýada ýolagçylaryň gatnawynyň köpelmegi bilen berk baglanşykly. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullygynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen bilelikde jemgyýetçilik ýerlerinde, çagalar bagynda, orta mekdeplerde wagyz-nesihat düşindiriş işleri geçirilýär. Ýaşlarmyzyň arasynda geçirilýän bu wagyz-nesihat işlerinde ýol hereketiniň kadalaryny, ýollarda geçelgelerde öziňi alyp barmagyň düzginlerini berjaý etmek barada anyk mysallar, widio şekilli görkezmeler arkaly düşindirilýär. Şeýle hem çgalar bagynda, orta mekdeplerde ýol hereketleriniň düzginlerini berk berjaý etmek bilen bagly görkezme diwarlyklar, görkezme esbaplar goýulýar. Şular ýaly alnyp barylýan işler öziniň guwandyryjy netijelerini berer.
“Saglygym begligim”, “Sag başym soltan basym”,”Saglyk baýlyk” ýaly gyzyldan gymmatly jumleleri ata babalarymyz bize miras goýup gidipdir. Bu parasatly sözleri özimize ýörelge edinip öz saglygymyzy gorap saklamagymyz, köçe ýol hereketlerini pugda berjaý etmegimiz gerek. Ýollarda hereket edýän sürjiler ýolagçylar deň derejede sazlaşykly hereket etseler ýollarymyzyň asuwda bolmagyny üpjin eder. Saglyk bahasyz baýlyk. Saglygymyzyň gadryny bilip, köçe ýol hereketleriniň kadalaryny berk berjaý edeliň. Şunda biziň ählimiz özimiziň şeýle hem daş-töwerekdäki adamlaryň saglygyny gorap sakladygymyz bolar.
Saglygym baş baýlygym diýen ynsanper ýörelgäni durmuşa ornaşdyryýan, halkymyzyň saglygyny üpjin edýän, her bir raýatymyzyň asuda parahat durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun. Durmuşa geçirýän ähli tutymly işleri mundanam beýläk rowaç alsyn.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.

MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI
Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Deňze çykalga — dünýä çykalga
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.