Öňde baryjy topar

14-10-21

Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň pagta ýygymy möwsümi Köneürgenç etrabynyň ähli daýhan birleşiklerinde barha gyzyşýar. Esasanda bu iş “Bereket” daýhan birleşiginiň Tolbaý Babajanow ýolbaşçylyk edýän 6-njy kärendeçiler toparynyň  ak altynly pellerinde has-da öwgä mynasyp derejede dowam edýär.

Bu toparyň 23- ny pagta kärendeçisi 57 gektar ýerde gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Atyzlardaky ak patrak deýin açylyp otyran pagtalary synlanyňda toparyň kärendeçileriniň ýylyň dowamynda yhlasly zähmet çekendiginden habar berýär. Her bir kärendeçi özüniň garamagyndaky ýerlerde kemala gelen ak-altyny gyzga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrynda her bir günden netijeli peýdalanyp, ir ertirden tä giç agşama çenli zähmet çekýärler. Ýüwrek elli ýygymçy gelin gyzlarmyz öz aralarynda bäsleşip, ak altyn harmanlarymyzyň barha beýgelmegine özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Şu günki güne çenli topar agzalary 53 tonna 500 kg pagta hasylyny döwlete tabşyrdylar. Munuň özü toparyň bellenen meýilnamasynyň 52.14  göterimini ýerine ýetirendigini görkezýär. Döwlete bol pagta hasylyny tabşyran kärendeçilerden Gurbantäç Meredowa, Begenç Gurbanow, Magsat Kaşanow, Madraýim Polatow dagylary görkezmek bolar.

Taýýar hasyly harmanhanalara daşamakda daýhan birleşigiň mehanizatory Hursant Eşjanow, pagta arassalaýjy kärhananyň mehanizatory Rozumbaý Jumanow zähmet çekýärler. Atyzlarda entek pagta hasyly köp. Galan hasylyň ýekeje üftiginide zaýa etmezden ýygnamak, bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrynda topar agzalarynyň ählisi iş depginlerini barha batlandyrýarlar.

Gülhumar  HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň 
Köneürgenç  etrap  komitetiniň  hünärmeni.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.