ARZUWLAR AMALA AŞANDA

16-10-21

Türkmenistanyň Prezidentiniň
“Türkmeniň altyn asyry” bäsleşigine

Haýrullanyň kakasy Gaýbulla aga ömrüniň 42 ýylyny demir ýolda işläp geçirdi. Onuň işden boş wagtlary halk hojalyk ýükli otlularyň gatnawy, demir ýoluň abatlanylyşy baradaky berýän gürrüňleri heniz orta mekdepde okap ýören oglunda gyzyklanma döredýärdi. Ol öz ýanyndan kakasy ýaly demir ýolda işlemegi arzuw edýärdi. Şol arzuwlary hem Haýrulla Nurullaýewi 1980-nji ýylda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki ulag we inženerçilik institutynyň gapysyndan getirdi. Bu ýokary okuw jaýynyň gurluşyk fakultetini gatnaw ýollarynyň inženeri hünäri boýunça tamamlan Haýrulla Nurullaýew Türkmenabat rels kebşirleýji otlusynda ussa bolup zähmet ýoluna başlady.

Ýaş hünärmeniň erjelligi, zähmetsöýerligi, başarjaňlygy hemmäniniň ünsüni özüne çekýärdi. Bary-ýogy bir ýyla golaý wagt geçip-geçmänkä onuň ugurtapyjylygy, başarjaňlygy, işine gaýymlygy göz öňünde tutulyp, şol wagtky Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen edarasynyň düzümine geçirildi. Bu ýerde topar ýolbaşçysy, hereket howpsuzlygy bölüminiň derňewçisi wezipelerinde işlän halypa halal zähmeti bilen ýoldaşlaryna görelde boldy. Onuň guramaçylyk ukyplary göz öňünde tutulyp, 1995-nji ýylda zähmeti goramak we ekologiýa bölüminiň başlyklygyna bellendi. Bu ýerde 5 ýyllap zähmet çeken Haýrulla aga 2000-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli ýol hojalygy bölüminiň esasy hünärmeni, başlygyň orunbasary wezipelerinde zähmet çekdi.

Her bir işgär bilen ýaş aýratynlyklaryna görä, dilini tapyp, işleşmek uly ussatlygy, jogapkärçiligi talap edýär. Bu zatlaryň hötdesinden aňryýany bilen gelýän Haýrulla aga “ýigide müň dürli hünär hem azdyr” diýen pähimden ugur alyp, bagtyny mugallymçylyk kärinde hem synap görmegi makul bildi. Birnäçe ýyllaryň dowamynda halypalyga ýeten Haýrulla aga, demir ýol pudagynda öwrenen tejribesini ýaşlara sapak hökmünde bermegi öz öňünde maksat edinip goýdy. Bu maksady hem ony 2013-nji ýylda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň gapysyndan getirdi. Bu ýerde 3 ýyllap ýaşlara sapak beren Haýrulla aga demirýolçy bolmagyň inçe syrlaryny, onuň dürli ugurlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezmek ugrunda tagallasyny gaýgyrmady. 2017-nji ýyldan häzirki wagta çenli “Türkmendemirýollary” agentliginiň tehniki kadalaşdyryjy namalar bölüminiň hünärmeni bolup işleýän halypa ýoldaşlary tarapyndan uly hormatdan peýdalanýar. Tejribeli demirýolçy hökmünde onlarça işgäre halypalyk edýän Haýrulla aganyň zähmet ýoly ýaşlara görelde mekdebi diýsek ýalňyşmarys. Munuň özi käriňe, hünäriňe garamazdan zähmet adamsy üçin uly bagt ahbetin! Bu ýerdäki halypalaryň hemmesi-de şägirtligi gören adamlar. Haýrulla aganyň özi-de işe gelen ilkinji günlerinden halypalyk goluny uzadan tejribeli demirýolçylar Gündogdy Kaşlykow, Aleksandr Nikolaýnikow dagylary häli-häzirem ýadyndan çykaranok.

Nurullaýewleriň maşgalasyna hakyky demirýolçylar maşgalasy diýsek ýalňyşmarys. Çünki, Haýrulla aganyň ähli doganlary hem, maşgala agzalary hem bu pudagyň işgäri. Umuman aýdylanda 4 doganyň ählisi demirýolçy. Olardan Seýdulla Türkmenabat rels kebşirleýiş otlusynda, Nasrulladyr Abdulla Türkmenabat ýol we desgalar edarasynda abraý bilen zähmet çekýärler. Haýrulla aganyň gyzy Dinara bolsa “Türkmendemirýoltaslama” institutynda hünärmen bolup işleýär.

Hawa, biregne 40 ýyllap demir ýol pudagynda yhlasly zähmet çeken halypanyň durmuşynda  ýatdan çykmajak “güýzleriň” köplügi has-da guwandyryjy. Bütin ömrüni bir käre bagyşlan Haýrulla Nurullaýew birnäçe gezek Şa serpaýyna mynasyp boldy. 2016-njy ýylda “Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy” ýubileý medaly bilen sylaglanan halypa, ýaňy-ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem “Gaýrat” medaly bilen sylaglandy. Iki gezek şa serpaýyna mynasyp bolan halypa, bu pursatlary “Hormatly Arkadagymyzyň ynamyna mynasyp bolandygyma çäksiz buýsanýaryn”, “Ýatdan çykmajak pursatlar”, “Çeken zähmetime döwletimiziň beren ýokary bahasy” ýaly sözler bilen ýatlaýar. Bütin ömür halallyk bilen öz zähmetini ykbala öwüren halypanyň, çekýän zähmetine döwlet tarapyndan mynasyp sarpa goýulandygy üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşy çäksiz.

Halypa hünärmeniň zähmet ýoly baradaky ýakymly ýatlamalaryny, gürrüňlerini dykgat bilen diňläp durşumyza bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirt gatnaşyklaryna ak ýol açyp, oňa täze, döwrebap röwüş beren hormatly Prezidentimize minnetdarlygyň, buýsanjyň ýene bir ýola kalbyňa dolýar. Tamara gelnejämiz bilen sylag-hormatly maşgalabaşy hökmünde tanalýan Haýrulla aganyň hormatly Prezidentimiziň eýe eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda zähmet adamsy baradaky aladanyň döwlet derejesine çykýanlygyndan hem göwni diýseň hoş. Bu işleriň sakasynda duran we  ýurdumyzyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza bu günki gün tutuş dünýä guwanýar, alkyşlaýar. Il alkyşy bolsa altyna deňelýär.

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.