Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168ad39b9d8a3b.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Awazada geçirilen “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşygynyň çäklerinde raýat awiasiýasy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada teswirnama Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow  bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow tarapyndan gol çekildi.

168ad3b499a6eb.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan “Etihad Rail” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

2025-nji ýylyň 18-nji awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew Birleşen Arap Emirlikleriniň “Etihad Rail” kompaniýasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirdi. 

168ad37df997d3.jpeg
4 aý ozal
Özbegistan Hazar arkaly ýük daşamak üçin türkmen gämilerini satyn almakçy

Özbegistan Hazar deňziniň üsti bilen ýük daşamalaryny çaltlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň gämi gurluşyk kärhanalaryndan gämileri satyn almak mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow ýekşenbe güni “Gazeta.uz” internet neşirine habar berdi.

168ad4bd537876.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistanda emeli aň, IT we blokçeýn tehnologiýalary boýunça ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalary işlenip düzülýär

Türkmenistanda emeli aň, IT we blokçeýn tehnologiýalary boýunça ýurduň birnäçe ýokary okuw mekdebinde ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalary işlenip düzülýär.

168ad412147c9f.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri gümrük işine emeli aňy ornaşdyrmak boýunça sebitleýin okuwa gatnaşdylar

Ýakynda sanly ulgam arkaly geçirilen «Gümrük amallarynda emeli aňyň we maşyn öwrenişiniň öňdebaryjy tejribeleri we usullary» atly sebitleýin okuwa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň degişli ugurda 5 sany hünärmeni gatnaşdy.

168ad36cc955fa.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan bilen Hytaýyň Çunsin şäheriniň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 193,3% ýokarlandy

2025-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň günorta-günbatardaky iri şäherleriniň biri bolan Çunsin şäheriniň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 193,3 göterim ýokarlandy.

168a40dee6b7f9.jpeg
4 aý ozal
Transhazaryň optiki-süýümli kabelini çekmek üçin deňizasty ugurlary öwrenilýär

“Sanly Ýüpek Ýoly” taslamasynyň möhüm bölegi bolan Transhazar optiki-süýümli kabel geçirijini çekmek boýunça deňziň astyndaky ugurlary öwrenmek işleri başlady. Taslama, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirjek täze sanly aragatnaşyk geçelgesini döretmäge gönükdirilip, geljekde bu geçelge Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçiriler.

168a40b0da3eb0.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistanda Li-Fi ulgamyna geçmek barada maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň wajyp meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

168a40317ddab1.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan TIF-2025 forumyna taýýarlanýar: halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler

2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum Forumy — TIF 2025 geçiriler. Forum sebitde maýa goýum mümkinçilikleriniň, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meýdançasyna öwrüler.

168a401d81741e.jpeg
4 aý ozal
"Arkadag Medisina Klasteri" we Haýyr-sahawat gaznasy “Kids EXPO-2025” sergisine gatnaşar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Aşgabatda 21–23-nji awgust aralygynda geçiriljek “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda gaznanyň alyp barýan işini beýan edýän diwarlyklaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.