Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
167bebb5962d93.jpeg
4 aý ozal
Gazagystan Türkmenistanyň üstünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurar

Gazagystan Türkmenistanyň çäginden geçjek optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge girişdi. Häzirki wagtda bu taslama ara alyp maslahatlaşma tapgyryndadyr diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

167bebaaa79e6d.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Çäre, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA 10) bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Oňa Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary, BOMCA 10 ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük we serhet gulluklarynyň wekilleri gatnaşdy.

167beba3e8e7c0.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

25-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.

167beb8ce410c1.jpeg
4 aý ozal
“Start” hat-habar alyş-çalyş ulgamyndaky maglumatlaryň işlenilmegi has netijeli boldy

Möhüm täzelenişiň biri maglumatlary işlemegiň tizligidir. Bu maglumatlary çalt alyşmak şertlerinde aýratyn möhüm bolup durýar. Indi ulanyjylar maglumatlary has çalt ýagdaýda alyp we geçirip bilýärler. Mundan başga-da, giňeldilen işleýiş wezipeleri media maglumatlar bilen işlemegiň täze gurallaryny, bulutlaýyn hyzmatlar bilen integrasiýany we gowulandyrylan howpsuzlyk wezipelerini öz içine alýar.

167beb44448f24.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň duşenbe güni Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda taraplar şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

167bea29f64b5a.jpeg
4 aý ozal
Bitaraplyk — Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň binýady

2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy baýram edilýär. Geçen döwrüň dowamynda BMG ýurtlaryň arasyndaky dialog üçin ýeke-täk möhüm meýdança bolmagynda galýar.

167bd9b7a7ef66.jpeg
4 aý ozal
5G - sanly özgertmelere täze ädim

Döwlet baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, «5G» tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny öwrenmek we Arkadag şäherine ornaşdyrmak boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei» kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmatdaşlyk we tehnologiýa alyş-çalyşygy ýola goýuldy.

167bd608e9e6e5.jpeg
4 aý ozal
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» aragatnaşyk pudagynyň ýaş hünärmenleri öz öňlerinde has belent maksatlary goýýarlar

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga, sanly we elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge we olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredilýär.

167bd5da61b687.jpeg
4 aý ozal
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça zerur işler dowam etdirilýär

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

167bd5ac3a7a2b.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi

23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi. Mejlise degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.