Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
167bbf8334db7f.jpeg
4 aý ozal
Ählumumy abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek — döwrüň möhüm wezipesi

Geçen hepde möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

167b8226738851.jpeg
4 aý ozal
Hytaý we Türkmenistan TIR ulgamy boýunça ilkinji göni awtoulag ugruny işe girizdi

Penşenbe güni TIR belgisi bilen birinji ýük awtoulagy Hytaýyň Çžençžou şäherinden Aşgabada ugrady. Bu Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda TIR halkara ulgamy boýunça göni awtoulag aragatnaşygynyň resmi açylyşyny alamatlandyrdy – diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

167b8209e25a28.jpeg
4 aý ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýaşlaryň işläp düzýän täze sanly çözgütlerine ähmiýet berýär

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýaşlaryň bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

167b821f3438ce.jpeg
4 aý ozal
Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistana 25 tonna hurma gowşurdy

Aşgabat şäherinde, Saud Arabystanynyň ilçihanasynyň binasynda Patyşa Salman adyndaky goldaw-hemaýat merkeziniň adyndan 25 tonna hurma gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

167b8012435e65.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.

167b6ad9c693ff.jpeg
4 aý ozal
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Ýylyň şygarynda parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk ýaly adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

167b6c0447261b.jpeg
4 aý ozal
TULM "CASCA+" multimodal ulag geçelgesiniň çäginde ikitaraplaýyn konteýner otly düzümleriniñ gatnawyny amala aşyrýar

Bäsdeşlige ukyply hem-de özüne çekiji ýol nyrhlaryny ulanmak maksady bilen döredilen täze "CASCA+" multimodal ulag geçelgesiniň çäginde Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa ýurtlary we gaýdyşyn ugry boýunça ýükleriñ daşalmagy amala aşyrylýar.

167b6baebf3276.jpeg
4 aý ozal
Türkmen wekiliýeti Germaniýada hassahana işiniň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan topar 2025-nji ýylyň 3-15-nji fewralynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hassahanalarynda we klinikalarynda iş sapary bilen boldular. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

167b6c217cf2d9.jpeg
4 aý ozal
Russiýada "Demirgazyk-Günorta" halkara deñiz geçelgesine Demirgazyk deñiz ýoluny girzmegiñ zerurlygy barada aýtdylar

Russiýada "Demirgazyk-Günorta" halkara deñiz geçelgesine Demirgazyk deñiz ýoluny girizmegiñ zerurlygy barada işjeñ maslahatlaşylýar diýip, TASS habar berýär.

167b6b4e45df91.jpeg
4 aý ozal
“Euronews”-yň wekiliýeti ýerli media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistana geler

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň “Euronews” habarlar teleýaýlymynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşygy boldy. Pedro Wargas ýerli mediaplatformalar bilen hyzmatdaşlyk etmek we ýurduň medeni mirasy bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistana meýilleşdirýän sapary barada aýtdy diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.