Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1689ad2f5380ab.jpeg
4 aý ozal
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp

Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy.

1689ad79628615.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan sebitdäki ulag düzgünleşdirmesi ulgamynda iň ýokary baha aldy

Soňky serhetara söwda we ulag baglanyşyklylygy indeksiniň (CBTTFI) seljermesine görä, Türkmenistanyň geçelgeleri «ulag düzgünleşdirmesi» kategoriýasynda iň ýokary — 100 göterim — baha aldy. Bu barada Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) täze hasabatyna salgylanyp, Trend habar berýär. Bellenilişine görä, bu barlag Azerbaýjan, Gruziýa, Özbegistan, Pakistan we Türkmenistan ýaly sebit ýurtlarynyň alty serhet geçiş nokadyny öz içine aldy.

168998bfa414e4.jpeg
4 aý ozal
Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy

«Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ häzirki wagtda Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň hereket edýändigini habar berýär. Ýolagçylaryň amatlylygyny ýokarlandyrmak we paýtagt bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasyndaky ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak maksady bilen, gatnawlaryň sany üçe ýetirildi.

168998a32a085e.jpeg
4 aý ozal
"Belavia" Minskden Türkmenbaşy şäherine göni howa gatnawlaryny dikelder

"Belavia" awiakompaniýasy Minskden Türkmenbaşy şäherine uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigi barada habar berdi. Uçuşlaryň wagtlaýyn geçirilen Balkanabat şäherine soňky gatnaw 9-njy awgustda amala aşyrylar. Eýýäm 11-nji awgustdan başlap uçarlar Türkmenbaşy şäherine gonarlar.

16899869ba2ee5.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan bilen Kipr ulag-logistika ulgamlarynda täze ädimleri kesgitlediler

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary Awazada geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde ýurdumyza sapar bilen Kipr Respublikasynyň gämi gatnawy ministriniň orunbasary Marina Hadžimonotli bilen duşuşdylar.

168997f13242d2.jpeg
4 aý ozal
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Şu ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Ol dünýäniň deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 ýurdy üçin köpugurly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi.

16899731684af4.jpeg
4 aý ozal
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy

8-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisinde Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi.

16895a9b7284f4.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy

2015-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli aralykda Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk pudagyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin durnukly infrastruktura döretmek, arabaglanyşygy berkitmek we päsgelçiliksiz üstaşyr ulgamlaryny ösdürmek boýunça geçirilen maslahatda beýan etdi.

16895a572b8031.jpeg
4 aý ozal
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

6-njy awgustda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň (WCO) Baş sekretary Ýan Saundersiň duşuşygy bolup geçdi. Duşuşyk, Baş sekretaryň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana saparynyň çäginde geçirildi.

168959cd4ddc36.jpeg
4 aý ozal
Gury portlar dünýä logistikasynyň esasy bölekleriň biri hökmünde ykrar edildi

Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýanlar gury portlaryň dünýä logistikasynyň strategiýa taýdan möhüm düzümleri bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle desgalaryň köpüsi deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda ýerleşýändigi üçin olar durnukly söwda akymyny üpjün etmekde çalşyp bolmajak orny eýeleýär. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.