Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168ba6ef2bfcb3.jpeg
3 aý ozal
Awaza — TIF 2025 Maýa Forumynyň geçiriljek meýdançasyna öwrüler

TIF 2025 — Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň guramaçylyk komiteti bu forumyň geçiriljek ýeriniň üýtgedilendigini resmi taýdan habar berdi. Forum häzirki zaman şertlerine laýyk enjamlaşdyrylan, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçiriler.

168ba6aeb6cfb9.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýaly mukaddes däp-dessurlaryndan ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.

168b921d5c6436.jpeg
3 aý ozal
Türkmen-pakistan üstaşyr hem-de logistika gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň federal deňiz işleri ministri Muhammet Junaid Anwar bilen duşuşdy. Duşuşykda sebitiň söwda we ulag arabaglanyşygy üçin strategiki ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşy, Karaçi we Gwadar deňiz portlarynyň üstaşyr hem-de logistika mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

168b91c4000fa1.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti emeli aň tehnologiýalary babatda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen bolan duşuşygynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar barada hem aýdyldy.

168b918958cc39.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri Germaniýada häzirki zaman ammar we logistika çözgütleri bilen tanyşdy

2025-nji ýylyň 24–30 awgusty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň işgärleri bilen bilelikde, Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşdyryş okuw saparyna gatnaşdy. Çäre «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly Sebitleýin taslamanyň çäklerinde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guraldy.

168b91f745b0df.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň «Altyn asyr» elektron gazeti Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazeti bilen hyzmatdaşlyk eder

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaýly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi we dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

168b916cd91bce.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan Hytaýy bilelikdäki ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy

Türkmenistan hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen geçirilen duşuşygynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

168b915f9e9bb1.jpeg
3 aý ozal
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Düýn Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

168b7cd7e96a9a.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan ŞHG bilen demir ýol we awtoulag gatnawy ugurlarynda hyzmatdaşlyga taýýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşynda: “Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde döwrebap, köpşahaly demir ýol, awtomobil ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris.

168b7c7565a4f9.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan ŞHG bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek teklibini öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) agza ýurtlaryna gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek teklibini hödürledi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.