Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
167e23a83328a1.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady foruma gatnaşar

Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyň çäklerinde guraljak sergä gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew habar berdi.

167e23cb66e5cb.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan-Gazagystan: haryt dolanyşygy 1 milliard dollara ýetiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri beýan edildi. Gazagystanyň “Samruk-Kazyna” gaznasynyň wekili Aýdar Kazybaýew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly depgini barada belläp geçdi.

167e23642ab445.jpeg
3 aý ozal
Milli flotumyz üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar

20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli flotumyz üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

167e232fa80c52.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan Pekinde geçiriljek halkara ykdysady sergä çagyryldy

Hytaýyň Halkara söwdanyň ösüşine ýardam bermek boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary, Hytaýyň Halkara söwda palatasynyň başlygynyň orunbasary Ýuý Szýanlun türkmen tarapyny şu ýylyň iýul aýynda Pekin şäherinde geçiriljek halkara ykdysady sergä gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk 18-nji martda geçirilen “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly forumyň çäklerinde beýan edildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi. 

167e23173c3e48.jpeg
3 aý ozal
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi üns merkezinde

24-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy.

167e0eeacccc4d.jpeg
3 aý ozal
Turkish Airlines Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawlaryñ sanyny köpeldýär

2025-nji ýylyñ 30-njy martyndan başlap Stambul bilen Aşgabadyñ arasyndaky gatnawlaryñ sany hepdede 14-e çenli köpeldiler. Bu barada Aşgabatdaky Turkish Airlines awiakompaniýasynyñ wekiliýetinde ORIENT saýtyna habar berdiler. Ozal türk awiadaşaýjysy bellenen ugur boýunça hepdede 11 gatnawlary amala aşyrýardy.

167e0eb8ee6c3e.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan we ÝB bilelikdäki başlangyçlary maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduard Stipraýs bilen duşuşdy. Gepleşiklere gatnaşyjylar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň meselelerine garadylar.

167e0e850ba3aa.jpeg
3 aý ozal
Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi

22-nji martda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen “akylly” şäheriň çäklerinde-de ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi. Arkadag şäherinde guralan asylly çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

167e0e36d28ff4.jpeg
3 aý ozal
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

167dbabbbcf64b.jpeg
3 aý ozal
Bitarap Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.