Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168ce80448c392.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

168ce7f68d0162.jpeg
3 aý ozal
Aragatnaşyk pudagy Garaşsyzlyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar

Däp bolşy ýaly, her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öz hünärine ussat işgärler, öňdebaryjy watandaşlarymyz döwlet sylaglarydyr, hormatly atlar we Şa serpaýlary bilen sylaglanylýar.

168ccda2ea7b59.jpeg
3 aý ozal
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady

18-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer özgertmeleri şöhlelendirýän bu forum her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär.

168ccd90f91c4b.jpeg
3 aý ozal
Awazada halkara forum geçirilýär

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, göni maýa goýumlary çekmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň hem-de dünýäniň işewür jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biri bolar.

168ccd8225e2fe.jpeg
3 aý ozal
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar.

168cb8de70217e.jpeg
3 aý ozal
Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi täze “Yutong” awtobuslarynda tanyşdyryş saparyny amala aşyrdy

Aşgabatda şäher infrastrukturasynyň ösüşi üçin möhüm waka bolup geçdi. Paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň çäginde Hytaýyň “Yutong” kompaniýasynyň önümçiliginden 700 sany täze awtobus gelip gowuşdy.

168cb8ca82b600.jpeg
3 aý ozal
Awtoulag sürüjilik okuwlaryna ýazylmak onlaýn ýagdaýda e.gov.tm arkaly elýeterlidir

Türkmenistanda raýatlar awtoulag sürüjilik okuwlaryna e.gov.tm döwlet hyzmatlarynyň portaly arkaly ýazylyp bilerler. Bu hyzmat «Awtomobil mekdepleriniň birleşigi» bölüminde elýeterli bolup, islendik toparçany (B, BC, C, D ýa-da E) saýlamaga, arza doldurmaga we «Altyn Asyr» bank karty arkaly okuw üçin tölegi onlaýn ýagdaýda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

168cb8a8e656ed.jpeg
3 aý ozal
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda döwrümiziň iň döwrebap şäheri bolan Arkadag şäherinde ýetip gelýän beýik baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryň öýleriniň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýiti binagärlik zehininden dörän täze, häzirki zaman şäheriň ýaşaýyş jaýlaryndan täze öý edinen bagtyýar ýaşaýjylar üçin beýik baýramçylyk mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.

168cb8c22498f0.jpeg
3 aý ozal
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze Bagtly zamana obasy açyldy

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde sişenbe güni täze Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.

168ca3ab4c9987.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan bilen Russiýa halkara maglumat howpsuzlygy hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Moskwa şäherinde halkara maglumat howpsuzlygy mowzugy boýunça türkmen-rus Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk şu ýylyň iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.