Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistan döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýär
Bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, dünýä döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.

Birinji çärýekde “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 126,5 göterim ösüş gazanyldy
Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 126,5 göterime deň boldy. 5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

TULM Russiýa Federasiýasyndan Owganystana ilkinji synag multimodal konteýner otly düzüminiň gatnawyny gurnaýar
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup şeýle hem ýurdumyzyň eksport-import we üstaşyr ýük gatnawlarynda öňdebaryjy Milli logistika kärhana bolup çykyş etmek bilen, «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde uly möçberlerde dürli görnüşdäki ýükleriň gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär.

“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýük wagonlary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-048 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Aprel aýynda Malaýziýada Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy geçiriler
Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025) geçiriler. Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, daşary ýurtlaryň geljegi uly maýadarlary bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak bu çäräniň esasy wezipeleri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Ulag we kommunikasiýa toplumyny ynamly ösdürilýär
Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentlig Baş direktory Mämmethan Çakyýew, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa agentligiň 2025-nji ýylyň birinji çärýegindäki ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Hazarda suwasty düzümleriň gurulmagy Ýewraziýada energetika, ulag durnuklylygyny üpjün eder
Türkmenistan Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagyny umumylykda, bähbitleri we peýdany deňhukukly hasaba almak esasynda Ýewraziýa sebitinde energetika, ykdysady, ulag durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti hasaplaýar.

Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň elektron portaly arkaly ýetirilen hyzmatlaryň sany 777329 ýetdi
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Türkmenistanyň «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlarynyň bitewi portaly arkaly tutuş wagtyň dowamynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň sany 777329, onuň ulanyjylarynyň sany bolsa – 75 müňe golaý adama ýetdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi
Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen ýaşlary Ýeñşiñ 80 ýyllygy mynasybetli "Hakyda otlusy" atly taslamasyna gatnaşarlar
Türkmen ýaşlary Russiýanyñ hem-de Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ ýurtlarynyñ wekilleri bilen bilelikde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeñşiñ 80 ýyllygy mynasybetli "Hakyda otlusy" atly taslamasyna gatnaşarlar. Bu barada RF-iñ Federasiýa geñeşiniñ Başlygynyñ orunbasary Inna Swýatenko Arkadag şäherinde geçirilen "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi" atly Halkara maslahatyndaky eden çykyşynda aýtdy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.