Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1687bf30f951b0.jpeg
3 aý ozal
Hazaryň kenarynda täze nebit guýujy beket açyldy

18-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy – ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümlerini guýulýan hem-de kabul edilýän täze 3-nji gämi duralgasynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi.

1687732a950817.jpeg
3 aý ozal
Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde öňdelige eýeleýär

12-nji iýulda badalga alan Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzaýan «Ýüpek ýoly – 2025» rallisine gatnaşýan Türkmenistanyň toparlary ynamly öňde barýarlar. 4 tapgyrynyň netijesinden soňra T2 kategoriýasynda bäsleşýän Türkmenistanyň türgenleri öňdeligi eýeleýärler.

168772cfb128fc.jpeg
3 aý ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Seul — Aşgabat gatnawyny ýola goýdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Seul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça hepdelik uçuşlary amala aşyryp başlady. Bu barada «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň resmi web saýtynda habar berilýär.

168772abfe8b03.jpeg
3 aý ozal
Ýurdumyzyň intellektual kuwwaty pugtalandyrylýar

Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy.

1687730413b594.jpeg
3 aý ozal
Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde resminamalary kabul edişlik başlandy

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul  edýär:

168772953a342f.jpeg
3 aý ozal
Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wakalary Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy goldamaga, umumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýar.

16874a19f30a5f.jpeg
3 aý ozal
Awazada internetiň 4G+ tehnologiýasy işe girizildi

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.

168749d32d58be.jpeg
3 aý ozal
Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» ralli-reýdi ýaryşyna gatnaşýar

12-22-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzaýan «Ýüpek ýoly – 2025» ralli-reýdi ýaryşyna badalga berildi. 4811,58 kilometrlik menzile uzap gidýän halkara ýaryşyna Türkmenistandan türgenler hem gatnaşýar.

168749b54ec661.jpeg
3 aý ozal
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi

Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň (LLDC3) öňüsyrasynda Türkmenistanda Awaza AI atly wirtual kömekçi görkezildi. Bu innowasion AI-agent forumyň gatnaşyjylaryna çäre bilen baglanyşykly zerur maglumatlary çalt we takyk görnüşde üpjün etmek üçin döredildi.

1687497767bd19.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanda sanly ulgamyň mümkinçilikleri işjeň ösdürilýär

Häzirki zamanda sanly ulgama esaslanýan giň gerimli maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy hökmünde Internet adamlaryň gündelik durmuşyna berk ornaşyp, zähmeti guramagyň usullaryny, bilimiň we dynç almagyň görnüşlerini düýpli özgerdýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.