Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan ŞHG-ny Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçiliklerini ulanmaga çagyrdy
Türkmenıstanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Hytaýyň Týanszin şäherinde geçen “ŞHG+” sammitindäki çykyşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, ýurduň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 1–2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bledde (Sloweniýa) geçirilen Bled strategiki forumynyň işine gatnaşdy.
«ŞHG+» formatyndaky duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan eder
Hytaýyň Týanszin şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Onuň günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guraljak ýokary derejeli duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
1-nji synp okuwçylaryna “Bilimli” atly noutbuk kompýuterler sowgat berildi
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanmaga berildi
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna degişli garaýyşlaryny beýan etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna taýýarlyk işlerini dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýokarda agzalan sessiýa öňümizdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy.
Okuw merkeziniň işgärleri Bütindünýä gümrük guramasynyň CLiKC! Okuw platformasynyň işi boýunça tejribe alyşdylar
Golaýda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň hünärmenleriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň Akademiýasynyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi.
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döreder
Azerbaýjan, Özbegistan we Türkmenistan durnukly söwda-logistika zynjyrlaryny ösdürmek maksady bilen bilelikdäki lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Laziz Kudratow 22-nji awgustda Awazada geçirilen “Türkmenistan–Azerbaýjan–Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşygynyň çäklerinde “Özbegistan-24” teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.