Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
164ed8190610e2.jpeg
2 ýyl ozal
Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan geçdi

Russiýadan gelýän ilkinji ýük otlusy Türkmenistan bilen serhetdäki Inçe-Burun serhet geçelgesinden geçip, günortada Saud Arabystanyna barýan ýoldaky «Bandar-Abbasa» tarap ýola düşdi. Muny şenbe güni Golestan welaýatynyň gümrük müdirliginiň baş direktory Şahriýar Şahriýari mälim etdi diýip, «Mehr» habar gullugy habar berdi.

164ed87be57067.jpeg
2 ýyl ozal
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dykgatyna!

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 68-nji «Bagyr — Altyn asyr gündogar bazary» ugrunyň üýtgedilýändigi barada habar berýär.

164ec2affe039f.jpeg
2 ýyl ozal
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri gury ýer ulaglary boýunça ylalaşyga gol çekerler

Türkmenistan, Gazagystandan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan gury ýer ulaglary boýunça ylalaşyga gol çekerler. Bu barada «KazTAG» tarapyndan habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Gazagystan Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky ylalaşyga gol çekmäge taýýarlanýar.

164ec289f68b89.jpeg
2 ýyl ozal
«Russiýadan eltip bermek» kompaniýasy Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistanyň islendik şäherine haryt getirip bermegi guraýar

«Russiýadan eltip bermek» (Dostawka iz Rossii) logistika kompaniýasy Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistana islendik harytlary amatly bahalardan eltip bermek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

164ec24d0a2598.jpeg
2 ýyl ozal
Astrahanyň «Beýik Pýoter» gämisi Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar

Astrahan sebitinde «Beýik Pýoter» atly häzirki zaman gämisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol 2024-nji ýylda Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar. Ýolagçylaryň syýahat etmegi üçin niýetlenen bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da durup geçer. Bu barada 23-nji awgustda Balkan welaýatynyň häkiminiň Russiýanyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýdyldy.

164eb03d942532.jpeg
2 ýyl ozal
Ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmak gaýragoýulmasyz wezipedir

Şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp 25-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

164eb035d664d1.png
2 ýyl ozal
Türkmenbaşy - Gyzylsuw gämili deňiz gatnawyna biletleriň bahasy arzanladyldy

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 1-nji sentýabrdan Türkmenbaşy - Gyzylsuw aralygyna gämi gatnawlaryna biletleriň bahalaryny arzanlatdy. Bu deňiz ugruna gatnawlar "Çarlak" we "Rowaç" ýolagçy gämileri arkaly amala aşyrylýar.

164eb02bf28213.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki Primorskiý kraý sebitine eltildi

40 tonna ynsanperwerlik ýüki özünde jemlän ýük uçary Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň howa menizline bardy. Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki bu sebitiň birinji wise-gubernatory, hökümet ýolbaşçysy Wera Şerbina we beýleki resmiler garşyladylar.

164eb01c2adf98.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we Malaýziýa maglumat-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda türkmen-malaýziýa köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy.

164eb011723156.jpeg
2 ýyl ozal
“Belavia” awiakompaniýasynyň bilet satuwynda bökdençlik bolmaz

“Belavia” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ulgamynyň täzelenmegi bilen baglanyşykly biletleriň satuwynda hiç-hili bökdençlik bolmaz.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.