Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýene biri geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Arkadag şäherinde hereket edýän şäheriçi elektrobuslaryň gatnaw tertibi
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň sanynyň barha artmagy hem-de täze okuw möwsüminiň başlanmagy ýollarda hereketiň artmagyna getirýär. Bu ugurda raýatlara rahat, howpsuz, medeniýetli hyzmat etmek üçin «Türkmenawtoulaglary» agentligi maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. Biz hem Arkadag şäherinde hereket edýän döwrebap şäheriçi elektrobuslaryň hereketleri bilen tanyş etmegi makul bildik.
Ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ýük dolanyşygy ýarym milliard tonna kilometrden geçdi
2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ýük dolanyşygy 541 million 245 müň tonna kilometre deň bolup, bu babatdaky meýilnama 223,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 125,7 göterim köpdür diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.
AGPJ «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Ulag-logistika kompaniýalary türki döwletleriň halkara forumyna çagyrylýar
Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalary, degişli döwlet edaralary we gulluklary 13-14-nji sentýabrda Stambul şäherinde geçiriljek multimodal daşamalar we logistika boýunça halkara foruma gatnaşmaga çagyrylýar. Ol Türki döwletleriň guramasynyň Sekretariaty tarapyndan guralýar.
Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara binasynda boldy. Oňa «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky we Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Gury ýer ulaglary agentliginiň başlygy Lewan Gamkrelidzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar.
Aşgabatda täze awtomobil köprüsi gurlar
Aşgabat şäheriniň demirgazyk – günbatarynda G.Kulyýew bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan ýoluň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsi gurlar. Bu boýunça Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigini yglan etdi.
«Belawiýa» petek satuwyny we bron hyzmatlaryny wagtlaýynça togtadar
Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy howa petekleri bronlamak we bermek, şeýle hem goşmaça hyzmatlar mümkinçiliginiň wagtlaýyn çäklendirilendigini yglan etdi. Bu awiakompaniýanyň «Leonardo» howa peteklerini bronlamak üçin rus ulgamyna geçmegi baradaky tehniki işler bilen baglanyşyklydyr.
«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri daýhanlara ýardam bererler
«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýakyndan ýardam berýärler. Kärhana boýunça ýük göterijiligi ýokary bolan 200 töweregi kuwwatly awtoulaglar öňde duran pagta ýygym möwsümine taýýarlanyldy. Häzirki wagtda şol awtoulaglara erk etjek sürüjiler we pagta ýygymyna gatnaşjak beýleki hünärmenler bilen ýangyn hem-de tehniki howpsuzlyk okuw sapaklary geçirilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Stambulda TDG-niň agza ýurtlarynyň ulag forumy geçer
13-14-nji sentýabrda Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň agza-ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda multimodal ýük gatnawlary we logistika boýunça forum geçer. Bu barada «Trend» guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.