Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
164f801e4dd4b5.jpeg
2 ýyl ozal
“Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy portuna geler

Hazar deňzi bilen Gara deňizinde gezelençleri ýola goýup başlajak “Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna geler. Bu barada Türkmenbaşy portunyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

164f800828d051.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen ÝB agza ýurtlarynyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda €494,66 milliondan geçdi

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 494,66 million ýewrodan geçdi. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.

164f7ff934b4ab.jpeg
2 ýyl ozal
«Ynamly awto merkezi» Türkmenistanda «Kia» we «Hyundai» awtoulaglaryna bejeriş we hyzmat ediş işlerini ýerine ýetirýär

Aşgabatdaky «Kia Hyundai» söwda-hyzmat ediş merkezinde ýerleşýän «Ynamly awto merkezi» HJ «Kia» we «Hyundai» koreý markalarynyň awtoulaglary üçin ýokary derejede bejermek hem-de tehniki hyzmat ediş işlerini hödürleýär.

164f6b05b0a55c.jpeg
2 ýyl ozal
«Halkara Gatnaw Logistika» hojalyk jemgyýeti Gazagystana üstaşyr ýükleri geçirdi

Ulag logistikasy ykdysadyýetiň, söwdanyň we bäsdeşligiň ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Şundan ugur alyp, ulag-logistika pudagynyň ösüşinde hususy kompaniýalar hem aýratyn orny eýeleýär. 

164f6ad667b083.jpeg
2 ýyl ozal
Ýeňil awtoulaglaryň rallisine gatnaşyjylar Türkmenistana geldiler

“Dunaýdan Orhuna çenli Ýüpek ýoly” ýeňil awtoulaglaryň ilkinji rallisine gatnaşyjylar Tükmenistana geldiler. Olary ýurduň resmi adamlary garşyladylar we paýtagtymyzyň gözel ýerlerine aýlandylar. 

164f5b8a9c971e.jpeg
2 ýyl ozal
Arkadag şäherinde aragatnaşyk hyzmatlary sanly çözgütler esasynda doly güýjünde işleýär

Täze «akylly» we «ýaşyl» şäher - Arkadag şäheri dürli maksatly binalar toplumy bilen tutuşlygyna häzirki zaman kämil tehnologiýalary we sanly çözgütleri özünde jemleýär.

164f6c6dbd0a31.jpeg
2 ýyl ozal
Logistika ulgamy ösüşleriň täze belentliklerine tarap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ulag ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek hakyndaky yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Munuň özi parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

164f2e041acff8.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenbaşy şäherinde aragatnaşyk merkeziniň täze edara binasy gurlar

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde aragatnaşyk merkeziniň täze edara binasyny gurar.

164f2dce4ed0fd.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we Gruziýa halkara awtomobil ýük daşamalaryny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabat şäherinde halkara awtomobil ýük daşamalary boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedowyň gruzin tarapyndan dostlukly döwletiň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Gury ýer ulaglary agentliginiň başlygy Lewan Gamkrelidzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar.

164f2d9db9e121.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi

Düýn Türkmenistanda badalga alýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurduň ministrlikleri, pudak edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyp, anyk wezipeler kesgitlendi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.