Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
164fe960bad6b3.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen wekilýeti Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagtynda guraljak Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

164fe939921b5d.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Pakistanyň Federal Söwda we senagat ministri doktor Gohar Ejaz bilen duşuşdy. Bu barada Pakistanyň söwda ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi.

164faae3b30f0b.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa pudagy fransuz kompaniýalarynda gyzyklanma döredýär

Ulag-kommunikasiýa pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän ugurlarynyň biridir we ol dünýä ulag ulgamyna goşulmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

164faa95363298.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar

Türkmenistan ýakyn aýlarda Aşgabat bilen Parižiň arasynda ýolagçy howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işleýär. Muny Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew fransuz kompaniýalary bilen geçirilen Işewürlik duşuşygynda mälim etdi.

164faa674d8b5a.jpeg
2 ýyl ozal
Dunhuandaky «Ýüpek ýoly» halkara medeni sergisinde Türkmenistanyň pawiliony görkezildi

Golaýda Hytaýyň Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde «Ýüpek ýoly» VI halkara medeni sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

164f955e58b47c.jpeg
2 ýyl ozal
Primorskiý sebitiniň ýene dört obasy Türkmenistandan ynsanperwer kömegini alar

Suw joşmasyndan ejir çeken Primorskiniň ýaşaýjylary üçin Türkmenistandan ynsanperwer kömek ýükleriniň bir bölegi Oktýabrskiý okrugynyň obalarynyň arasynda paýlandy. Golaýda sebitiň Horol okrugynyň ýaşaýjylary Türkmenistandan ugradylan ynsanperwer kömegini aldylar.

164f953f4adeb1.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Deňiz söwda floty täze guruljak gämiler barada mälim edýär

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty häzirki döwürde “Balkan” gämigurluşyk zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmaga taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu gämileri gurmak baradaky Karara gol çekdi.

164f9511bcfbc4.jpeg
2 ýyl ozal
“Demirýollary” AGPJ demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallary satyn almak boýunça gaýtadan tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aşakdaky lot boýunça türkmen manadynda gaýtadan №DÝ/AGPJ-031 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

164f94ed6f0dfa.jpeg
2 ýyl ozal
Laos Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag boýunça Dostlar toparyna goşuldy

Laos Halk Demokratik Respublikasy 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag boýunça Dostlar toparyna goşulandygyny yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

164f803ba5d447.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenhowaýollary” iki sany “Boeing 777–300” kysymly uçar satyn aldy

“Türkmenhowaýollary” agentligi “Cathay Pacific” awiakompaniýasynyň düzüminde bolan “Boeing 777–300(ER)” kysymly uçaryň ikisini satyn aldy. Bu barada “CH-Aviation” kompaniýasy sişenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.