Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistan we Türkiýe üstaşyr we halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri türkmen-eýran döwlet araçäginde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokadyna baryp gördüler.

Türkmenistandaky uçar gatnawlarynyň tertibi pandemiýadan öňki derejesine getiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag we kommunikasiýa agentliginiň baştutany Mämmethan Çakyýewe uçar gatnawlarynyň tertibi pandemiýadan öňki derejesine getirmek boýunça işleri dowam etdirmekligi tabşyrdy.

«Altyn asyr» Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bäş futbolçysyny düzümine goşdy
Aragatnaşykçylaryň «Altyn asyr» futbol topary düzümini täze futbolçylaryň bäşisi bilen güýçlendirendigini habar berdi.

Türkmenistan we Italiýa ulag infrastrukturasynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň infrastruktura we ulag ministriniň diplomatik geňeşçisi Jowanni Donatonyň arasynda anna güni Rimde geçirilen duşuşykda italýan kompaniýalarynyň ýokary tizlikli demir ýol liniýalaryny, awtoulag ýollaryny we ýokary tizlikli otlulary gurmakda gazanan üstünlikleri boýunça tejribe alyşmak meselelerine garaldy.

Deňiz-derýa ulaglarynyň ýaş hünärmenleri zähmet ýoluna ugradylar
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki orta hünär okuw mekdebinde uçurym dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeniýet we sport toplumynda bolup geçdi.

Astrahan Türkmenistandan ýük daşamak üçin dört gämi taýýarlaýar
Astrahan sebitiniň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolynskiý Hazar deňzinden haryt daşamak üçin täze gämiler gurmak meselesine degip geçdi diýip, abnews.ru habar gullugy habar berýär.

Türkmenistanda elektrik otlular peýda bolar
Türkmenistanda elektrowozlar we elektrik otlular peýda bolar. Bu hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurtda elektrifisirlenen demir ýollary döretmek baradaky tabşyrygyndan gelip çykýar.

Türkmenistan Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler
Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň söwda we logistika merkezi döredilenden soňra ol Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler. Bu barada Russiýanyň Astrahan oblastynyň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolynski ýekşenbe güni GTRK Lotos täzelikler teleýaýlymyna beren interwýusynda aýdylýar.

Türkmenistanda ilkinji wirtual muzeý öz işine başlady
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň wirtual muzeýiniň işi ýola goýuldy. Türkmenistanda ilkinji gezek açylan bu wirtual muzeý ýurdumyzyň Döwlet muzeýine degişli bolan gymmatlyklary özünde jemleýär.

Türkmenistan-Hytaý ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 52% ýokarlandy
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 11,181 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 52 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlarynda habar berilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.