Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1659b8372c89f9.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy berkitmek boýunça çäreler görülýär

6-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurduň kiberhowpsuzlygyny berkitmek hem-de bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

1659a8f947d4f3.jpeg
2 ýyl ozal
«Flydubai» türkmen uçarmanlary üçin okuwlary geçirer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda uçarmanlary taýýarlamak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.

1659a48953e655.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer

Türkmenistanyň howa ýollary Aşgabatdan Milana (Italiýa), Kuala-Lumpura (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany) we Hoşimine (Wýetnam) uçuşlaryny dowam etdirer. Muny turkmenistanairlines.tm web sahypasyndaky täzelenen maglumatlar görkezýär.

1659a438d890cc.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistana bir aýyň içinde iki "Boeing" uçary getirildi

Türkmenistan raýat awiasiýasyny ösdürmek bilen bagly 2030-njy ýyla çenli kabul eden milli maksatnamasyna laýyklykda bu pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrýar. Türkmenistanyň awiasiýa parkyna raýat gatnawlaryna niýetlenen "Boeing 777-300" kysymly uçaryň nobatdakysy gelip gowuşdy.

1659a4098e0785.jpeg
2 ýyl ozal
"Flydubai" Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny giňeltmäge taýýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet awiakompaniýasy - "Flydubai" Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny giňeltmek, şeýle hem bu ugurda işgärler düzümini taýýarlamak we maddy-enjamlaýyn ugurlarda ýurduň awiasiýa pudagy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

1659a3ef15ee01.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary gaýtadan dikeltdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy uçar gatnawlarynyň gaýtadan dikeltdi. Onuň ilkinji uçuşy 5-nji ýanwarda ýerine ýetirildi.

165979912e59df.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG 2026 – 2035-nji ýyllary Durnukly ulagyň onýyllygy diýip atlandyrdy

Iki hepde mundan ozal, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag we energetika boýunça iki sany Kararnamany kabul etdi. Bu Kararnamalar BMG-niň 6 resmi – iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde ýaýradyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berýär.

1659796c7720c1.jpeg
2 ýyl ozal
"Türkmentehnogurluşyk" ÝGPJ bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we tender resminamalarynyň bukjasyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

1659795b7c5eaf.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine uçuşyň petegine 50% arzanlaşyk yglan etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli uly arzanlaşyk yglan etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

1659794888a2a8.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň we «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.