Raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň gerimi giňeýär
14-03-24
«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň aprelinde Aşgabat — London (Gatwik) ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar. 3-nji aprelden «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy uçary degişli ugur boýunça uçuşlary hepdede bir gezek amala aşyrar. Bu dünýädäki awiakompaniýalaryň uçuş tertibindäki üýtgeşmeler bilen habarly etmäge ýöriteleşen «AeroRoutes» kompaniýasy tarapyndan habar berilýär.
Londonyň Gatwik howa menzili (LGW), Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menzilleriniň biri bolup, ol Hitroudan soň ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir.
Londonyň merkezinden, takmynan, 45 km uzaklykda ýerleşýän bu howa menzili «British Airways» kompaniýasy üçin merkez bolup hyzmat edýär. Bu ýerde «Emirates», «Turkish Airlines» we beýleki iri awiakompaniýalar uçuş-gonuşlary amala aşyrýarlar.
Awiasiýa pudagy dürli ugurly iş ýerlerini özünde jemleýändigi we döwrebap ösýändigi üçin iş üpjünçiligini yzygiderli artdyrýan pudak bolmagynda galýar. Haýsydyr bir ýurtda iş üpjünçiliginiň artmagy bolsa milli ykdysadyýetdäki pul dolanyşygyny artdyrmaga ýardam edýär. Ýurduň awiasiýa pudagy bilen bilelikde ösýän awiakompaniýasynyň bolmagy, onuň syýahatçylyk, ýük daşamak we senagat pudaklarynyň ösmegine-de mümkinçilik berýär. Munuň özi milli ykdysadyýet üçin zerur şertleriň biridir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan-da, soňky on iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, onuň enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, ençeme zerur çäreler durmuşa geçirildi. Şunda «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga, howa gämileriniň düzümini dowamly döwrebaplaşdyrmaga we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berlendigini nygtamak zerur.
Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) maglumatlaryna görä, dünýä awiasiýa pudagy ählumumy ykdysadyýete ýylda 2,7 trillion amerikan dollary möçberinde göni ýa-da gytaklaýyn gatanç edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň awiasiýa pudagy babatda öňe sürýän syýasaty bolsa Türkmenistanyň gürrüňi edilýän möçberdäki paýyny artdyrmagy, howa gämileriniň uçuşlarynyň bökdençsizligini, awiasiýa hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegi nazarlaýar.
Bu maksatlara ýetmekde Türkmenistanyň Howa kodeksiniň kabul edilmeginiň hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi bu kanunçylyk ýuridik we fiziki şahslaryň talaplaryny ýerine ýetirmekde, Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň, onuň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünlerini kadalaşdyrmakda, döwletiň bähbitlerini gorap saklamagyň, howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygynyň, awiasiýa hem-de ekologik howpsuzlygyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitlemekde, ýurdumyzyň döwlet hem raýat awiasiýasynyň çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde esasy resminamalaryň biri bolup durýar.
Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyz bilen Jidda, Kuala-Lumpur, Hoşimin, Milan ýaly şäherleriň arasynda yzygiderli ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýuldy. Şeýle halkara gatnawlar, islendik ýurt üçin bolşy ýaly, Türkmenistan üçin-de möhüm ähmiýete eýe. Awiasiýa pudagynyň ýurduň ykdysady ösüşine önjeýli goşant goşýandygy, ykdysady durnuklylyga oňyn täsir edýändigi bolsa halkara giňişlikde bireýýäm ykrar edilen hakykat.
Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Çarymyrat GYZYLOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.