Täze awtobuslar ýolagçylaryň hyzmatynda
14-03-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynda alnyp barylýan tutumly işleri döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, oňa innowasion tehnologiýalary sanly ulgamy ornaşdyrmak giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň saparyna gabatlanyp, Türkmenabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy hem-de Lebap welaýatynyň ilatyna hyzmat etjek täze ýolagçy awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy şu günki wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Gadymy Lebabyň bereketli topragynda il-ýurt bähbitli işlere başlangyç berýän hormatly Prezidentimiziň sapary gününde gowulyklaryň sakasy çözlen ýaly boldy. Edil şol gün ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini gowulandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiziň adyndan «Türkmenawtoulaglar» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-den gowragy sowgat hökmünde gowşuryldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy esasynda mümkin bolup, ýerine ýetirilýän şeýle işler awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär.
Awtobuslaryň garşylanyş dabarasynda çykyş edenler milli ykdysadyýetimiziň ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmeklige berýän bimöçber goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar. Önümçilikde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan täze ýolagçy awtobuslary asylly däplerimize eýerilip, kümüş saçly mährem eneler, awtobuslara sünnälenip örülen alajany dakdylar, un sepdiler we üzärlik tütetdiler hem-de olaryň uzak wagtlap halkymyza hyzmat etmegini arzuwladylar. Hormatly ýaşulular täze awtobuslaryň mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar hem-de döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Täze awtobuslary kabul eden «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri netijeli işlemäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.
Täze ulaglar welaýatynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şäher ýaka we şäher ara ugurlar boýunça gatnatmak üçin niýetlenen döwrebap awtobuslardyr. Şäheriň ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, köçelerde ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertleri döretmek degişli gulluklaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Döwrebap awtobuslary yzygiderli satyn alyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň we medeniýetiniň has-da ýokarlandyrylmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin pudagyň agzybir işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar.
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň mehanigi, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.