Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
“Demirýollary” AGPJ demirýol halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demir ýolda ýöreýän teleskopik ýaýly demirýol krany satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-033 belgili açyk halkara tender yglan edýär
«Turkish Airlines» Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrdy
«Turkish Airlines» türk awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan Stambul — Aşgabat — Stambul ugurlarynda uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 9 gezege çenli artdyrdy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edilen täzelenen uçuş tertibinde mälim edilýär.
Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňziň üstünden geçýän üstaşyr ýollary işjeňleşdirer
Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňizleriň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar.
Dünýäniň ähli ýurtlarynyň deňze çykalgasy bolmalydyr
Gyrgyzystanda geçen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň ýygnagynda Mongoliýanyň Premýer-ministri Oýuun-Erdene Luwsannamsraýn öz çykyşynda: «Dünýäniň ähli ýurtlarynyň deňze çykalgasy bolmalydyr» diýdi. Bu barada «Report.az» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Astrahanda geçirilen halkara ulag forumyna gatnaşdy
Golaýda Astrahanda «Demigrazyk — Günorta» HUG — täze konsepsiýa» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistan hem gatnaşdy diýip, «Report.az» habar berdi.
Türkmenistan Hytaýdan Ýewropa barýan ýola goşant goşmaga çagyryldy
Orta Geçelgäni öz üstünden geçirýän ýurtlarda baý tebigy baýlyklara eýe, bu bolsa geçelgäniň ähmiýetini has-da artdyrýar diýip, Baku halkara deňiz söwda portunyň baş direktory Taleh Ziýadow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe bilen Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu barada TDH habar berdi.
Sanly ulgam boýunça amaly okuw maslahaty
2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, işgärleriniň, hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgiýetiniň mejlisler zalynda “Sanly ulgamlar we elektron resminama dolanşygy ulgamy” atly amaly okuw maslahaty geçirildi.
TRAСEKA — «ÝEWROPA-KAWKAZ-AZIÝA» HALKARA ULAG GEÇELGESI
Bitarap Türkmenistan döwletimiz ulagyň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirmek bilen halkara üstaşyr-ulag we logistika merkezine öwrülýär. Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň goldaýandygynyň, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ykrarnamalarynyň mysallary, şeýle hem ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň berýän bahasy arkaly göz ýetirmek bolýar.
Dagystan Türkmenbaşydan ugradyljak ilkinji ýük gämisi üçin öz portuny taýýarlaýar
Türkmenistan we Dagystan Türkmenbaşy we Mahaçkala portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň işe girizilmegini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Muny «Mahaçkalanyň deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň çeşmelerine salgylanyp, «Mirmol» sebitara ýaşlar maglumat çeşmesi habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.