Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistanyň DIM-inde «ýaşyl» ykdysadyýet we sanly özgertmeler boýunça tegelek stol geçirildi
Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda Türkmenistanda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge we sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Ata kesbi hormat getirýär
Ynsanyň durmuş ýoly baradaky oçerkleri ýazmagy ykbalyma öwrenimdenmi ýa-da öz saýlap alan awtomobil hojalygy hünärimi juda söýýänligimdenmi bilemok, elmydama täsin zadyň gözleginde, iş bilen gümra bolup ýörün. Hoş habarlary, täsin maglumatlary okyjylara ýetirmäge howlugýaryn. Käbir adamlaryň hünärine öwrülen, ussat sürüjileri özünde jemleýän täsin eserleri barada ýazmak hem juda jogapkärçilikli we gyzykly.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Deli şäherine gatnawlar artdyrylar, Pekine azaldylar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 24-nji maýdan Aşgabat-Nýu-Deli uçar gatnawlaryny hepdede 2 gezek, ýagny çarşenbe we perşenbe günleri amala aşyryp başlar. Mundan ozal, bu ugur boýunça gatnawlar diňe ýekşenbe günleri amala aşyrylýardy. Bu barada “orient.tm” neşiri habar berýär.

Ýerewanda ulag-üstaşyr infrastrukturasynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Ýakynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory A.Aleksanýan bilen duşuşdy.

«TM Trade» onlaýn-platformasy mahabat bannerlerini ýerleşdirmek hyzmatyny hödürleýär
«TM Trade» bitewi onlaýn söwda platformasy Türkmenistandaky telekeçilere we işewürlere saýtyň baş sahypasynda mahabat bannerlerini ýerleşdirmek hyzmatyny hödürleýär.

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň wekilleri iň köp berilýän sowallara jogap berdiler
Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň wekillerine, köplenç, sürüjilik okuwlary bilen baglanyşykly soraglar berilýär, mysal üçin, gerekli bolan resminamalaryň sanawy, okuw tamamlanandan soňra sürüjilik mekdebi tarapyndan nähili resminamalar berilýär we ş.m. Aşakda sürüjiler we sürüjilik mekdebinde okamagy meýilleşdirýänler tarapyndan berilýän iň meşhur sowallaryň jogaplary getirilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara gatnawlarynyň täze ugurlary açylar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy yzygiderli tertipde amala aşyryljak halkara ýolagçy we ýük gatnawlarynyň ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy Döwran Saburow Aşgabatda geçirilen halkara ulag forumynda belläp geçdi.

«Demirýollary» AGPJ we IBA Group demir ýol pudagyndaky taslamalaryň üstünde işlemegi ylalaşdylar
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri we IBA Group Halkara holdingi IT-tehnologiýalar we hünärmenleri okatmak babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar. Aşgabatda geçen ITTC-2023 ulag maslahatynyň meýdançasynda taraplar hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli ähtnama gol çekdiler.

Ermenistan Türkmenistanyň üsti bilen ermeni ýüklerini daşamaga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory A.Aleksanýan bilen duşuşdy. 10-njy maýda bolan söhbetdeşligiň barşynda ulag-logistika infrastrukturasynyň meseleleri we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

«Çapar» ykjam programmasynyň hyzmaty giňeýär
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köp maksatly «Çapar» ykjam programmasynyň «Maglumathana» bölüminde dürli ugurlar boýunça giň gerimli maglumat almak mümkindir.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.