Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Aşgabatda alty ýurduň demir ýol edaralary CASCA+ ulag geçelgesini ösdürmek barada Teswirnama gol çekdiler
“Aziýa-Ýuwaş umman döwletleri-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” (CASCA+) multimodal ulag we üstaşyr geçelgesine agza döwletleriniň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda geçirilen altytaraplaýyn duşuşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler.
2024-nji ýyldan ýük daşaýjy gämiler Wolga — Hazar deňzi gämi kanalyndan geçip başlar
2024-nji ýylda suwdan aşakdaky bölegi 4 metrden gowrak bolan gämiler Wolga — Hazar deňzi gämi kanalyndan geçip başlar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousow «Ulag hepdesi 2023» forumynyň çägindäki «Russiýa 2035: täze ulag ykdysadyýetine tarap» atly plenar mejlisinde aýtdy.
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag gününde halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçiriler
BMG-niň «Bütindünýä durnukly ulag güni» Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli, şu ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de sergini geçirmek meýilleşdirilýär.
Ulag-logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak iş toparynyň birinji duşuşygyna taýýarlyk görülýär
Şu ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji duşuşygy geçiriler. Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, hasabatynyň çäklerinde, bu halkara çärä görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna habar berdi.
Türkmenistan we Eýran ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar
18-nji noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisinde ulag boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlarynyň birine öwrülendigi nygtaldy.
«Gumdag – Etrek – Eýran serhedi» awtomobil ýoly gurlar
Mälim bolşy ýaly, Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde ulag ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin degişli işleri geçirmek barada pikir alyşmalar boldy.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň gurnamagynda «Ulag diplomatiýasy – durnukly ykdysady ösüşiň aýdyň ýoly» atly maslahaty geçirildi
17-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň gurnamagynda «Ulag diplomatiýasy – durnukly ykdysady ösüşiň aýdyň ýoly» atly maslahaty geçirildi.
Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi
16-njy noýabrda Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ulag we logistika hyzmatdaşlygy baradaky kiçi komitetiň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa hem-de Eýran Demirgazyk — Günorta geçelgesi boýunça ýol kartasyny işläp düzdiler
Gazagystan Respublikasy Russiýa, Eýran hem-de Türkmenistan bilen bilelikde Demirgazyk – Günorta halkara transport geçelgesini (HTG) ösdürmek üçin ýol kartasyny düzdi. Munuň 2027-nji ýyla çenli HTG-niň kuwwatlylygyny 15 million tanna çenli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow mälim etdi.
Mary welaýatynda sanly telefon ulgamy we GPON tehnologiýasyna esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar
«Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanyň gündogar sebitinde sanly telefon ulgamyny we täze GPON tehnologiýasyna esaslanýan internet toruny işe girizdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.