Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty sişenbe güni tamamlandy. Dünýä çempionatynyň jemleri boýunça türkmen türgenleri 15 medal gazandylar.
“Öý ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edara binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde gurnamagynda “Öý ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Türkmenistan we Gazagystan ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama gol çekdiler
26-27-nji noýabrda Aşgabatda Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň degişli ulag ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan bäsdeşlige ukyply logistika kompaniýalaryň döredilmegine aýratyn üns berýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen Gutlag iberdi. Onda nygtalyşyna görä, Türkmenistan bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär.
IT dünýäsine täsin syýahat
Aşgabatda ýerleşýän «AMAKids» çagalaryň intellektual ösüş akademiýasy 5 — 16 ýaş aralygyndaky çagalary we ýetginjekleri okuwlara kabul edýär. Akademiýa mental arifmetika we iňlis dili ýaly köp sanly bilim maksatnamalaryny hödürleýär.
«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty — ýakynlaryňa Täze ýyl sowgadyny ýollamagyň ygtybarly usuly
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýylyň-ýylyna hemmeleriň söýýän baýramçylygynyň we onuň dürli çäreleriniň bosagasynda ýokary netijelilikde iş alyp barýar.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlar harytlar bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň tranzit boýunça teklibi kontinental söwda gatnaşyklaryny ösdürer
Türkmenistan ulag we logistika hyzmatlarynyň teklibi bilen dünýä bazaryna girýär we bu teklip häzirki wagtda gaty möhüm we ähmiýetlidir. Harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin ykdysady taýdan uly girdejili ugurlary ulanmagy teklip etmek bilen, ýurt sebitdäki söwda gatnaşyklarynyň güýçlenmegine itergi berýär.
Türkmenistan Türkmenbaşy portunyň üsti bilen konteýner daşamak üçin täze nyrhlary kesgitledi
Türkmenistan Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň üsti bilen konteýner daşamak boýunça täze nyrhlary kesgitledi. Nyrhlar «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi web sahypasynda çap edildi. Bu barada «Trend.az» tarapyndan habar berildi.
Aşgabatda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara forum geçirildi
26-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.