Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
“Çarlak” myhmanhanasy Size, resmi web-sahypasynda onlaýn bron hyzmatyny hödürleýär!
Hyzmatymyz, myhmanlarymyz üçin ýurduň ähli künjeginden charlak.com.tm/tm sahypasyna girip kart üsti bilen milli manatda tölegleri ýerine ýetirip otaglary bron edip bilerler.
Merkezi Aziýanyň söwda gözýetimleri: Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň eksportynyň üstaşyr merkezi hökmünde
14-nji fewralda «Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň eksportynyň üstaşyr merkezi hökmünde» diýen tema boýunça onlaýn tertibindäki Tegelek stol duşuşygy geçirilýär. Ol «Türkmen Logistika» assosiasiýasy we «CILT Central Asia» tarapyndan Merkezi Aziýada söwda boýunça «USAID» maksatnamasynyň ýardamy esasynda guralýar.
Ýaşlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigi yglan edilýär
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 35 ýaşa çenli raýatlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň web-saýtynda habar berilýär.
“Demirýollary” AGPJ halkara tender yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýük wagonlarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-036 belgili açyk halkara tender yglan edýär:
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenbaşy şäherindäki “Çarlak” myhmanhanasy üçin zerur enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
2023-nji ýylda «Demirgazyk – Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça deňiz arkaly 5,54 million tonnalyk ýük daşaldy
Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousow ulag-logistika geçelgesi boýunça ştabyň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýük daşamak meýilnamalaryny göz öňünde tutmak bilen, emele gelen häzirki ýagdaý, şeýle hem Azowo — Gara deňzi basseýni ugry boýunça ulag-logistika geçelgesiniň «ýol kartasyny» täzelemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistan Eýran bilen deňiz ulaglary ulgamynda gatnaşyklary ösdürmekçi
2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tehran şäherinde “Eýran Deňiz Ykdysadyýeti” forumy öz işine başlady. Foruma Eýran tarapynyň çagyrmasy esasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.
"Demirgazyk-Günorta" demir ýol geçelgesiniň türkmen-eýran böleginiň üstaşyr kuwwaty artdyrylar
Sarahs serhedinden (türkmen-eýran serhedi) Eýranyň çägine — Bandar-Abbasa çenli demir ýollary arkaly daşalýan ýükleriniň menzile gowşurylmagy üçin 3-5 gün gerek bolýar diýip, «Mehr» habarlar gullugy Eýran Yslam Respublikasynyň Demirýollarynyň Baş müdiri Miad Salehiniň Tähranda deňiz ykdysadyýeti boýunça geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşyna salgylanyp, habar berdi.
AŞTU «akylly» týunerlerini hödürleýär
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilerine indi «Belet Film» hyzmatyny 12 aý möhlet bilen garaşaryna hödürlenýän «Belet Box» týuneri arkaly birikdirmek mümkinçiligini ýetirýär.
Türkmenistan we Hytaý syýahatçylygy ösdürmek, «Aşgabat — Sanýa» uçuşlaryny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
9-12-nji fewral aralygynda Hytaýyň «Hainan Weidu International Travel Co. Ltd» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Söwda-senagat palatasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler we türkmen tarapyna iki sany geljegi uly taslama hödürlediler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.