Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Demir ýol we gümrük edaralarynyň arasynda özara baglanyşyk kämilleşdirilýär
Mary welaýat gümrükhanasy tarapyndan «Ýurdumyzyň gümrük çäginden gümrük üpjünçiligi bilen demir ýol ulaglarynda daşalýan harytlaryň wagonlaryndaky kybaplaýyş serişdeleriniň (plombalaryň) ýok edilmegi, zaýalanmagy, üzülmegi, goparylmagy bilen bagly düzgün bozmalaryň öňüni almak» atly pudagara maslahat geçirildi.
Türkmenistana täze «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gowuşdy
4-nji dekabrda Aşgabadyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir.
AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar
Yslam Ösüş banky tarapyndan ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen goýberilen serişdeleri özleşdirmegiň hasabyna durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalaryň çäklerinde Aşgabat şäheriniň telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpgöter özgertmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Aşgabat we Kabul Lazurit geçelgesi boýunça ýük daşamagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň demirýol administrasiýalarynyň arasynda gepleşikler geçirilýär, oňa gatnaşmak üçin Owganystanyň Demir ýol dolandyryşynyň başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat 30-njy noýabrda türkmen paýtagtyna geldi.
«Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar şahasyndan ýük geçirilişi düýpli artýar
Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly ýük daşamagyň möçberi düýpli ýokarlanýar. Ýylyň başyndan bäri bu ulag şahasy arkaly ýük geçirilişiň ösüşi 26 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň ýollary Gyrgyzystany we Azerbaýjany amatly özara baglanyşdyryp biler
Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Azerbaýjanyň Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary özara gepleşikleri geçirdiler. Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmek ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzugy boldy.
Owganystanly demir ýolçularyň täze tapgyry Türkmenistanda okuwlary geçdiler
Owganystanyň demirýol işgärleriniň ikinji tapgyry, "Türkmendemirýollary" agentliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki hünär derejesini kämilleşdiriş mekdebinde okuwlary geçdiler. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçen owganystanly demir ýolçulara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan tender yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Demirýol köprüleri hem-de demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallary satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-023 belgili açyk halkara tender yglan edýär:
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary jemagat hojalygy hyzmatlary üçin e.gov.tm portaly arkaly töleg edip bilerler
Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda «Arkadag şäheriniň onlaýn hyzmatlar portaly» atly ýörite bölüm bar. Häzirki wagtda web sahypasy arkaly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan elektroenergiýa, tebigy gaz we suw üçin tölegleri kabul edilýär.
Türkmenistana «Boenig-777-300ER» täze ýolagçy howa gämisi getirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.